Aşgabat – Kent – Florensiýa köprüsi: HYYweÖU-nyň talyplary Italiýadaky akademiki tejribe okuwyny tamamlaýarlar


Dünýä medeniýetiniň we ylmynyň iň iri merkezleriniň biri bolan Italiýanyň Florensiýa şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) tomusky okuw-amaly maksatnamasynyň ikinji tapgyry tamamlanmaga golaýlaýar. Bu innowasion bilim taslamasy HYYweÖU bilen ABŞ-nyň öňdebaryjy Kent döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy.
Bu tejribe okuwy akademiki möwsümiň iň möhüm wakalarynyň birine öwrülip, intensiw ylmy barlaglary halkara meýdançalaryndaky amaly tejribe bilen utgaşdyrdy.
Maksatnamanyň ikinji tapgyry ýokary okuw ýüküni sebitiň täsin taryhy-medeni gurşawyna çuňňur aralaşmak bilen utgaşdyrdy. Geljekki diplomatlar, ykdysatçylar we ynsanperwer ugurly talyplar diňe bir halkara mugallymlaryň ýolbaşçylygynda hünär derslerini özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtly kärdeşleri bilen göni hyzmatdaşlykda ylmy-barlag seljeriş endiklerini hem kämilleşdirdiler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, HYYweÖU-nyň talyplary ýokary derejeli akademiki taýýarlygyny, maksada okgunlylygyny we daşary ýurt dillerini erkin bilýändigini görkezdiler. Bu bolsa türkmen ýokary bilim ulgamynyň halkara derejedäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýene bir gezek tassyklady.
Gazanylan usulyýet tejribesi, halkara toparlarynda işlemek endikleri we ýola goýlan hünär gatnaşyklary ýaş alymlar üçin Aşgabatda taýýarlajak diplom we ylmy-barlag işleriniň ygtybarly binýadyna öwrüler.







