Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 141-nji ornuny saklady


ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilen 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň tamamlanmagyndan soň Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan täzelenen reýtingde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy öz ornuny saklady.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy 211 milli toparyň arasynda 1078,65 utuk bilen dünýä reýtinginiň 141-nji basgançagynda ýerleşýär.
Merkezi Aziýa reýtinginde Türkmenistan
Sebit boýunça Merkezi Aziýanyň lideri Özbegistanyň milli ýygyndysy bolup galýar. Şeýle-de bolsa, özbek topary reýtingde 10 basgançak aşak düşdi we dünýä sanawynda 60-njy orny eýeledi.
Ondan soň Täjigistanyň (101-nji orun), Gyrgyzystanyň (106-njy orun), Gazagystanyň (111-nji orun) we Türkmenistanyň (141-nji orun) milli ýygyndylary gelýär.
Aziýa ýygyndylarynyň arasyndaky orny
Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) toparlarynyň reýtinginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy 27-nji orunda ýerleşýär.
Aziýa futbolynyň öňdebaryjylary dünýä reýtinginde 17-nji orunda duran Ýaponiýanyň, 22-nji orundaky Eýranyň we 28-nji orundaky Awstraliýanyň milli ýygyndylarydyr. Aziýanyň iň güýçli on ýygyndysynyň hataryna Günorta Koreýa (32-nji orun), Saud Arabystany (58-nji orun), Katar (59-njy orun), Yrak (63-nji orun), Birleşen Arap Emirlikleri (68-nji orun) we Iordaniýa (73-nji orun) girýär.
Ispaniýa FIFA-nyň dünýä reýtingine ýolbaşçylyk edýär
FIFA-nyň täzelenen dünýä reýtinginde täze lider hökmünde Ispaniýanyň milli ýygyndysy görkezildi. Ol dünýäniň iň gowy futbol toparlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi.







