Serdar Berdimuhamedow mekdep ýarmarkalaryny ilatyň isleglerine laýyklykda guramagy tabşyrdy


Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, etraplarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde däp bolan mekdep harytlarynyň söwda ýarmarkalary öz işine başlar. Söwda ulgamynyň okuwçylary we talyplary ähli zerur harytlar bilen üpjün etmäge taýýardygy barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hasabat berdi.
Mekdep ýarmarkalary 1-nji awgustda badalga alar. Ýöriteleşdirilen dükanlarda we ýörite söwda meýdançalarynda raýatlar kanselýariýa harytlaryny, okuw esbaplaryny, şeýle hem ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli dokma we tikin önümleriniň giň görnüşini satyn alyp bilerler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda durmuş ähmiýetine we maşgalalar üçin amatlylyga aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz ilatyň hakyky isleglerini içgin öwrenmek esasynda hemişelik we göçme söwda nokatlarynyň işini guramagy, ýurduň ähli künjeklerinde harytlaryň giň görnüşini, elýeterliligini we ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mekdep möwsüminiň öňüsyrasynda Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçiriljek «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisi hem möhüm waka bolar. Tomus möwsüminiň ahyryndaky ýokary sarp edijilik işjeňliginiň netijesinde bu forum iri daşary ýurt öndürijileriniň, distribýutorlaryň we lisenziýa agentlikleriniň uly gyzyklanmasyny döredýär. Olar Aşgabatdaky bu meýdançany Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň çagalara niýetlenen önümler bazaryna çykmak üçin möhüm mümkinçilik hökmünde hasaplaýarlar.







