HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Iýul 27, 2026 | 20:15 |3593
2026-njy ýylyň 7–10-njy oktýabry aralygynda Stambulyň Sergiler merkezinde halkara Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler2026-njy ýylyň 7–10-njy oktýabry aralygynda Stambulyň Sergiler merkezinde halkara Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler
Çeşme: datacentereurasia.com

2026-njy ýylyň 7–10-njy oktýabry aralygynda Stambulyň Sergiler merkezinde halkara Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler. Bu çäre maglumat merkezleri, bulut tehnologiýalary we emeli aň ugrundaky bilermenler üçin sebitde esasy halkara meýdançalaryň birine öwrüler.

Sergä dünýäniň öňdebaryjy halkara kompaniýalary, maýadarlar we işläp düzüjiler gatnaşar. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde maglumat merkezleriniň energiýa tygşytlylygy, IT-infrastrukturanyň häzirki zaman sowadyş ulgamlary, kiberhowpsuzlyk we maglumat merkezlerinde ýaşyl energiýany ulanmak ýaly ugurlar bolar.

Myhmanlar we hünärmenler öňdebaryjy tehniki çözgütler bilen tanyşmaga, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.

Guramaçylar dünýä brendleriniň we alyjylarynyň sanyny artdyrmagy, şeýle hem Stambulyň sebitde möhüm sanly we tehnologik merkez hökmündäki ornuny berkitmegi maksat edinýärler.

Çäräniň maksatnamasy barada giňişleýin maglumat resmi saýtda ýerleşdirilen: www.datacentereurasia.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026