HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri iň uzak dowam eden tapgyr

Iýul 27, 2026 | 15:50 |2587
Çeşme: orient.tm

Ýaponiýada howanyň temperaturasy bäşinji gün yzygiderli 40°C-den geçdi — bu 2010-njy ýyldan bäri şeýle ýagdaýyň iň uzak dowam eden tapgyry boldy. Tomus pasly dynç alyş möwsümi bolmagyny bes edip, çydamlylygyň synagyna öwrülende, termometrlerde 40 gradusdan ýokary görkeziji täze howa hakykatynyň nyşanyna öwrülýär. Howasynyň aramlygy we ýagyş möwsümi bilen tanalýan Ýaponiýa adatdan daşary yssynyň täsirine düşdi: dürli prefekturalarda bäş gün yzygiderli temperatura meteorologlaryň indi resmi taýdan «kokusýobi», ýagny «çydap bolmajak yssy gün» diýip atlandyrýan derejesine ýetdi. Bu diňe bir rekord däl, eýsem aşa yssynyň adaty ýagdaýa öwrülýändigini görkezýän duýduryşdyr.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugynyň (JMA) maglumatlaryna görä, şenbe güni ýurduň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy ýokarlanmagyny dowam etdirip, bäşinji gün yzygiderli 40 gradus Selsiden geçdi. Şenbe güni merkezi Ýaponiýanyň alty şäherinde, şol sanda Tokaý sebitiniň dört prefekturasynda — Sidzuoka, Gifu, Mie we Aýti prefekturalarynda temperatura 40°C ýa-da ondan ýokary boldy. Şeýlelikde, ýurtda bäşinji gün yzygiderli 40°C-den ýokary temperatura hasaba alyndy. JMA-nyň habar bermegine görä, bu 2010-njy ýylda deňeşdirme maglumatlary toplanyp başlanaly bäri iň uzak dowam eden şeýle tapgyrdyr.

Mie prefekturasynyň Kuwana şäherinde 40,6°C temperatura hasaba alyndy. Gifu prefekturasynyň Mino we Tadzimi şäherlerinde bolsa temperatura degişlilikde 40,8°C we 40,7°C boldy. Sidzuoka prefekturasynyň Hamamatsu şäherinde 40,3°C, Aýti prefekturasynyň Toýota şäherinde bolsa 40,0°C hasaba alyndy.

Şol bir wagtyň özünde, Sidzuoka prefekturasynyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Ýamanasi prefekturasynyň Kofu şäherinde hem 40,0°C temperatura bellige alyndy. Şeýlelikde, bu şäher şu ýyl Tokaý sebitinden daşarda «kokusýobi», ýagny «çydap bolmajak yssy gün» hasaba alnan ilkinji ýer boldy. Aprel aýynda JMA ilaty aşa yssy barada has netijeli duýdurmak maksady bilen, temperatura 40 gradus Selsä ýetýän günleri aňladýan «kokusýobi» adalgasyny girizdi.

Adaty ýapon tomsy ýokary çyglylyk we musson ýagyşlary bilen baglanyşdyrylýar. Emma soňky ýyllarda ýurt adam saglygyna, oba hojalygyna we energetika ulgamyna zyýan ýetirýän adatdan daşary yssy tolkunlary bilen barha ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, meteorologlar bu meýli ählumumy howa maýlamasy (global ýylama) hem-de howa massalarynyň aýlanyşygynyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar. Çaklamalara görä, geljekde şeýle hadysalar has ýygy gaýtalanar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026