HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa bardy

Iýul 27, 2026 | 14:30 |2249
Çeşme: orient.tm

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Siriýa sapar bilen bardy. Uruşlaryň sesleri gowşasa-da, olaryň yzlary — weýran edilen şäherler, ýitirilen ýyllar we durmuşy täzeden başlamaga umyt edip watanyna dolanan millionlarça adam — henizem galýar. Şeýle ýagdaýda BMG-niň ýolbaşçysynyň sapary diňe bir diplomatik ädim bolman, eýsem dünýäniň Siriýany unutmandygyny görkezýän möhüm nyşandyr. 16 ýyldan soň Guterriş Damaskyň topragyna gadam basyp, halkara jemgyýetçiligine Siriýanyň dikeldilmegi üçin diňe maliýe serişdeleriniň däl, eýsem syýasy erk-islegiň, sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň we siriýalylaryň parahat durmuşda ýaşamaga mynasypdygynyň ykrar edilmeginiň hem zerurdygyny ýatlatdy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş şenbe güni Siriýa sapar edip, guramanyň ýurduň dikeldilmegine we täzeden gurulmagyna mundan beýläk hem goldaw berjekdigini aýtdy. Bu BMG-niň ýolbaşçysynyň 2009-njy ýyldan bäri Damaska amala aşyran ilkinji saparydyr.

Siriýanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Asaad aş-Şaýbani bilen geçirilen bilelikdäki metbugat maslahatynda çykyş eden Guterriş siriýa halkynyň köp ýyllap jebir-jepa çekendigini, emma olaryň ruhubelentligini, başarjaňlygyny we öz ýurduna degişlilik duýgusyny ýitirmändigini aýtdy.

Ol agyr çaknyşykdan çykan hiç bir ýurduň öz güýji bilen doly dikeldilip bilmejekdigini belläp, halkara jemgyýetçiligini Siriýa goldaw bermäge çagyrdy. Şeýle hem basyp alnan Golan belentlikleriniň Siriýanyň çägidigine degişli BMG-niň garaýşyny ýene bir gezek tassyklap, Siriýanyň özygtyýarlylygynyň ähli bozulmalarynyň bes edilmegine çagyrdy.

Öz gezeginde Asaad aş-Şaýbani bu sapary Siriýa bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklarda täze tapgyryň nyşany hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň sözlerine görä, häzirki esasy wezipe ýurduň täzeden gurulmagydyr we bu galan ähli çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny talap edýär. Şeýle hem ol Siriýanyň ynsanperwer kömeginden durnukly ösüşe geçmek ugrunda işleýändigini aýtdy.

Aş-Şaýbani häzirki wagta çenli 3,5 million siriýalynyň öz ýurduna dolanyp gelendigini hem belledi. Ondan ozal Guterriş Siriýanyň wagtlaýyn lideri Ahmad aş-Şaraa bilen gepleşikleri geçirdi.

Soňky gezek BMG-niň Baş sekretary Siriýa 2009-njy ýylda barypdy. Şol döwürde bu wezipäni Pan Gi Mun eýeleýärdi. Guterrişiň häzirki sapary on ýyldan gowrak dowam eden raýat urşundan soň ýurtda ýagdaýyň kem-kemden durnuklaşýan döwrüne gabat geldi.

Siriýaly bosgunlaryň watanyna dolanmagy we ykdysady sanksiýalaryň ýatyrylmagy halkara gün tertibindäki iň möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, BMG-niň ýolbaşçysynyň bu saparynyň Siriýanyň dikeldilmegi we täzeden gurulmagy üçin halkara goldawyny çekmek boýunça edilýän tagallalara täze itergi bermegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026