WAICO — Emeli aň ulgamynda (AI) ählumumy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry


Geçen hepde Şanhaý şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi. Hut şu ýerde 2026-njy ýylyň Bütindünýä emeli aň maslahaty (WAIC) we Emeli aňy ählumumy dolandyrmak boýunça Ýokary derejeli maslahat dabaraly ýagdaýda geçirildi. Onda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin möhüm nutuk bilen çykyş etdi. Şol bir wagtyň özünde Şanhaýda Bütindünýä emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk guramasy (WAICO) resmi taýdan döredildi. Guramanyň esaslandyryjylary bolan 29 döwletiň hatarynda Russiýa, Gazagystan, Pakistan we Indoneziýa hem bar. Bu taryhy waka BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, şeýle hem dürli döwletleriň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda boldy.

HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň belleýşi ýaly, WAICO guramasynyň döredilmegi döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Hytaý bu möhüm ädimi Ählumumy Günorta ýurtlarynyň emeli aňy ösdürmek we dolandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak baradaky çagyryşyna jogap hökmünde etdi. Bu başlangyç emeli aňyň ösüş taryhynda möhüm sepgit boldy.
Taryha ser salanymyzda, her bir ylmy-tehnologik öwrülişik adamzat jemgyýetiniň ösüşine uly täsir ýetirendigini görýäris. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalary dünýäde örän çalt depginde ösýär. Ähli zady baglanyşdyrmaga ukyply häzirki zaman intellektual tehnologiýalar ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtyň özünde emeli aňyň çalt ösüşi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde birnäçe gaýragoýulmasyz soraglary goýýar. Olaryň arasynda adam bilen enjamyň arasyndaky gatnaşygy nähili sazlamaly, howpsuzlygy nähili üpjün etmeli, ahlak kadalaryny nähili kämilleşdirmeli we sanly ösüşiň miwelerini ähli ýurtlar üçin elýeterli etmeli diýen meseleler bar.

Hytaý emeli aňy ösdürmekde hemişe «Adam ähli zatdan ileri, emeli aň bolsa bähbit we ösüş üçin» diýen ýörelgä eýerýär.
Birinjiden, açyklygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy goldaýar, innowasion ösüşi höweslendirýär hem-de emeli aňy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ornaşdyrýar.
Ikinjiden, töwekgelçiliklere aýratyn üns berýär, howpsuzlygy we dolandyrylyşyny üpjün edýär, şeýle hem emeli aň babatda milli howpsuzlyk düşünjesiniň esassyz giňeldilmegine garşy çykyş edýär.
Üçünjiden, açyklygy we çydamlylygy höweslendirýär, siwilizasiýalaryň özara baýlaşmagyna ýardam edýär we olaryň köpdürlüligini gorap saklaýar.
Dördünjiden, ählumumy dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde agzybirligi we özara goldawy ösdürýär, hakyky köptaraplylygy ilerledýär hem-de Ählumumy Günorta ýurtlarynyň intellektual mümkinçiliklerindäki tapawudy azaltmaga ýardam berýär.
Hytaý emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmekde we amaly taýdan ulanmakda uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda ýurduň «akylly ykdysadyýetiniň» esasy pudaklarynyň möçberi 1 trillion ýuandan geçdi, «AI +» taslamasy bolsa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Hytaý ösüş bilen bir hatarda howpsuzlyga-da uly ähmiýet berýär, kanunçylygy, kadalaşdyryjy resminamalary, ulanyş standartlaryny we ahlak kadalaryny yzygiderli kämilleşdirýär. Munuň netijesinde emeli aňyň howpsuzlygy, ygtybarlylygy we dolandyrylyşy üpjün edilýär.

Hytaý emeli aňyň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak ugrunda ähli halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemäge taýýardyr. Hytaýyň başlangyjy bilen döredilen WAICO emeli aňyň mundan beýläkki ösüşi we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda Hytaý ösüp barýan ýurtlaryň wekilleri üçin emeli aň boýunça okuw maksatnamalarynda 5000 okuw ornuny hödürlär. Şeýle hem ASEAN, Arap döwletleriniň ligasy, Afrika bileleşigi, CELAC, ŞHG we BRICS bilen hyzmatdaşlykda emeli aňy ulanmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk merkezlerini döreder. Mundan başga-da, «MAZU» atly meteorologik howplar barada irki duýduryş berýän akylly ulgamy 30 ýurtda ornaşdyrmaga ýardam eder. Şeýle anyk ädimler arkaly emeli aňyň hemmeler üçin elýeterli we peýdaly ösüşini goldar.
WAICO özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan we ähli hyzmatdaşlar üçin açyk halkara guramasydyr. Onuň esasy maksady emeli aň babatda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ählumumy dolandyryşy kämilleşdirmek hem-de emeli aň tehnologiýalarynyň bütin adamzadyň abadançylygyna we siwilizasiýanyň ösüşine hyzmat etmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin






