Arkadag şäheriniň konsepsiýasy ählumumy şähergurluşyk meselelerine jogap hökmünde BMG-de tanyşdyryldy


16–17-nji iýulda Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň Täze şäher gün tertibini durmuşa geçirmegiň orta möhletleýin netijelerine bagyşlanan ýokary derejeli mejlisi geçirildi. Iki gün dowam eden bu giň gerimli foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekiller gatnaşyp, 2016-njy ýyldan bäri alnyp barlan işleriň on ýyllyk netijelerini jemlediler hem-de 2036-njy ýyla çenli durnukly şähergurluşygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrdylar.
Bu ýokary derejeli mejlisi çagyrmagyň zerurlygy dünýä statistikasynyň aladalandyryjy görkezijileri bilen häsiýetlendirildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň takmynan 58 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Dünýäde ýaşaýyş jaýy bilen bagly meseleler barha ýitileşýär — 3 milliarddan gowrak adam kanagatlanarsyz ýaşaýyş şertlerinde ýaşaýar. Şeýle hem iri şäherler dünýä boýunça parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 70 göterimden gowragyny emele getirýär. Munuň netijesinde olar aşa yssy howa we şäher gurşawynyň ýaramazlaşmagy ýaly çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Şeýle şertlerde Türkmenistanyň wekiliýeti şäherleşme bilen bagly kynçylyklary çözmek boýunça toplan amaly tejribesini halkara bileleşigine hödürledi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew BMG-niň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Aşgabadyň şäherleriň deňagramly ösüşini milli derejede strategik ileri tutulýan ugur hasaplaýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, ýurtda inženerçilik, ulag we jemagat hojalygy infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen iri döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamalar ilkinji nobatda raýatlar üçin howpsuz we amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň şähergurluşyk ulgamyndaky innowasion çemeleşmesiniň esasy nusgasy hökmünde sammite gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyny döreden Arkadag şäheri görkezildi. Ministr öz çykyşynda ýurtda başdan gurulyp döredilen ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, intellektual ulag ulgamlaryny, ekologiýa standartlary we energiýa taýdan netijeli infrastrukturalary üstünlikli özünde jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi. Aslynda, Arkadag şäheri Birleşen Milletler Guramasynyň “geljegiň şäherleri” baradaky garaýşynyň amaly nusgasy bolup durýar. Şeýle şäherler tehnologik taýdan ösen bolmak bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa we adam bähbitlerine gönükdirilen bolmalydyr.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýolbaşçysy Baş Assambleýanyň Başlygyna hem-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasyna (BMG-Habitat) bu forumy gurandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň institutlary bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we halkara şähergurluşyk taslamalaryna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmaga taýýardygyny tassyklady.
Iki günüň dowamynda geçirilen pikir alyşmalaryň jemleri boýunça — umumy mejlisleri we maliýe, ekologiýa, inklýuziwlik hem-de sanlylaşdyrma meselelerine bagyşlanan dört sany tematiki paneli öz içine alan duşuşyklardan soň — sammitiň gatnaşyjylary herekete gönükdirilen Syýasy jarnamany kabul etdiler. Bu resminama ýurtlaryň şähergurluşyk boýunça ählumumy borçnamalaryny täzeden güýçlendirmegi hem-de 2036-njy ýyla çenli ýaşaýşa ukyply, durnukly şäherleri ösdürmäge täze itergi bermegi maksat edinýär.








