HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Komissiýasy sanly bazarlar hakyndaky kanuny bozandygy üçin “Google” kompaniýasyna €890 million jerime saldy

Iýul 25, 2026 | 16:00 |175
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Komissiýasy sanly bazarlar hakyndaky kanuny bozandygy üçin “Google” kompaniýasyna €890 million möçberinde jerime saldy. Tehnologiýa ägirdi bir wagtyň özünde hem platforma, hem-de şol platformadaky satyjy bolanda, bäsdeşlik bilen agalyk etmegiň arasyndaky deňagramlylyk has-da näzik bolýar. Adalatly sanly gurşawy döretmegi yzygiderli öňe sürýän Ýewropa Bileleşigi bazardaky kompaniýalaryň özleri üçin beýlekilere garanyňda has giň mümkinçilik açýan tejribesine garşy täze çäre gördi. Bir milliard ýewro golaý jerime diňe bir maliýe sanksiýasy däl, eýsem möhüm yşarat bolup durýar: hatda iň iri bazar oýunçylary hem ähli gatnaşyjylar üçin deň mümkinçilikleri üpjün edýän düzgünlere boýun bolmalydyr.

Penşenbe güni Ýewropa Komissiýasy “Google” kompaniýasyna Ýewropa Bileleşiginiň Sanly bazarlar baradaky kanunyny (DMA) bozandygy üçin 890 million ýewro (takmynan 1,02 milliard ABŞ dollary) möçberinde jerime saldy. Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji edarasy programma işläp düzüjiler üçin girizilen çäklendirmeler sebäpli 430 million ýewro möçberinde, şeýle hem gözleg netijelerinde öz hyzmatlaryna artykmaçlyk berendigi üçin goşmaça 460 million ýewro möçberinde jerime belledi. Umumy jerime Sanly bazarlar baradaky kanunynyň çäklerinde şu wagta çenli bir kompaniýa üçin salnan iň uly jerime boldy. Komissiýanyň bellemegine görä, “Google” söwda hyzmatlary, myhmanhanalarda ýerleşmek, ulag hyzmatlary we sport çäreleri bilen baglanyşykly öz hyzmatlaryna artykmaçlyk beripdir.

Kompaniýa gözleg netijelerinde öz hyzmatlaryny bäsdeş üçünji taraplaryň hyzmatlaryndan has görnükli ýagdaýda ýerleşdiripdir. Sanly bazarlar baradaky kanunyna laýyklykda, kesgitlenen iri tehnologiýa kompaniýalaryna öz hyzmatlaryny üçünji taraplaryň hödürleýän meňzeş hyzmatlaryndan has amatly derejede ýerleşdirmek gadagan edilýär. “Google”-yň esasy kompaniýasy bolan “Alphabet” 2023-nji ýylyň sentýabrynda “Google Search” we “Google Play” ýaly hyzmatlary üçin girişe gözegçilik edýän kompaniýa hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem Komissiýa “Google” kompaniýasynyň “Google Play” arkaly programmalaryny ýaýradýan işläp düzüjileriň ulanyjylara öz web sahypalarynda ýa-da üçünji taraplaryň programma dükanlarynda elýeterli bolan, köplenç has arzan alternatiw teklipler barada maglumat bermegine päsgel berendigini anyklady. Komissiýa “Google” kompaniýasyna bu iki tejribäni 60 günüň dowamynda bes etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gözleg netijelerinde bäsdeş hyzmatlara deň şertleriň üpjün edilmegi hem-de programma işläp düzüjilerine öz alternatiw tekliplerini mahabatlandyrmaga we programma dükanyndan daşarda geleşikleri amala aşyrmaga mümkinçilik döredilmelidir. Bu talaplar ýerine ýetirilmese, “Google” kompaniýasyna goşmaça gündelik jerimeler salnyp bilner. Şeýle jerimäniň möçberi talaplaryň ýerine ýetirilmedik her güni üçin kompaniýanyň geçen maliýe ýylyndaky dünýä boýunça ortaça gündelik dolanyşygynyň 5 göterimine çenli ýetip biler.

“Google” kompaniýasy Sanly bazarlar baradaky kanunyna laýyklykda jerime salnan üçünji kompaniýa boldy. Mundan ozal, 2025-nji ýylda Ýewropa Komissiýasy “Apple” kompaniýasyna 500 million ýewro, “Meta” kompaniýasyna bolsa 200 million ýewro möçberinde jerime salypdy. Aýry bir monopoliýa garşy işiň çäklerinde Komissiýa 2018-nji ýylda “Google” kompaniýasyna “Android” enjamlaryny öndürijilere we mobil aragatnaşyk operatorlaryna garşy bäsdeşlige garşy çäklendirmeleri girizendigi üçin 4,343 milliard ýewro möçberinde jerime saldy. 2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Baş kazyýeti bu karary bölekleýin ýatyrdy, emma esasy netijeleri güýjünde galdyryp, jerimäniň möçberini 4,125 milliard ýewra çenli azaltdy. Şu ýylyň 2-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň Kazyýeti “Google” we onuň esasy kompaniýasy bolan “Alphabet” tarapyndan berlen şikaýaty kanagatlandyrman, azaldylan jerimäni öz güýjünde galdyrdy.

“CCTV+”-niň habar berişine görä, täze jerime Ýewropa Bileleşigi bilen iri tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän garşylygyň nobatdaky tapgyry boldy. Bu ýagdaý Brýusseliň sanly bazarlary berk düzgünleşdirmäge, sarp edijileriň we kiçi telekeçiligiň bähbitlerini goramaga ygrarlydygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

Hytaýly matematikler Den Ýuý we Wan Hun ilkinji gezek Filds baýragyna mynasyp boldular

21:00 Iýul 25, 2026
Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Gyrgyzystanda ŞHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

20:00 Iýul 25, 2026