HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

Iýul 26, 2026 | 17:05 |5732
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdiBirleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi
Çeşme: media.un.org

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi. Bu bolsa Aşgabadyň alyp barýan daşary syýasatynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hormaty pugtalandyrmagyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň kanunyň hökmürowanlygyny berkitmäge hem-de ynanyşmak medeniýetini ösdürmäge goşýan goşandynyň halkara derejesinde nobatdaky gezek ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

2028-nji ýylyň Halkara hukugy ýyly diýip yglan edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mundan ozal ORIENT habarlar gullugy Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasy üçin ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin maglumat beripdi. Olaryň hatarynda diplomatiýada emeli aňy ulanmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamakdan başlap, Hazar deňziniň üsti bilen logistika geçelgelerini döretmek ýaly başlangyçlar bar. 2028-nji ýylda geçiriljek çäreleriň çäklerinde Aşgabat halkara hukugynyň, hemişelik bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň özara baglanyşygyna bagyşlanan iri halkara forumy geçirmegi hem meýilleşdirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026