Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli


Türkmenistanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasyna ýurduň ileri tutulýan ugurlary işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň esasynda taýýarlanan resminamanyň mazmuny barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugry ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Aşgabat Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi, 2027–2037-nji ýyllary «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmegi, şeýle hem Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmegi teklip etmegi meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde, Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça işler hem dowam etdiriler.
Sanly eýýamyň çagyryşlaryna jogap hökmünde Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär. Şeýle hem Aşgabatda Sanly ynanyşmak meselelerine bagyşlanan halkara bilermenler dialogyny geçirmek teklip edilýär. Ekologiýa ugry boýunça bolsa Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer hem-de gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen çykyş eder.
Ulag diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezleriniň biri hökmünde Aşgabat 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň» çäklerinde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamak teklip ediler, şeýle-de Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.
Mundan başga-da, Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär hem-de şu ugur boýunça Aşgabatda halkara forumyny geçirmegi teklip edýär. Bu toplumlaýyn işler, şeýle hem Türkmenistanyň ozal hödürlän dalaşgärligine laýyklykda, 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmagy boýunça taýýarlyk işlerine ýardam berýär.





