TABCA assosiasiýasy Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileýine bagyşlanan çärelere goşuldy


WAŞINGTON, 22-nji iýul | ORIENT. Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli medeni, sport we diplomatik çäreler geçirildi. Baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guraldy. Çärelere ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň, seljeriş merkezleriniň wekilleri, şeýle hem ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasynyň köp sanly wekilleri gatnaşdy.
Çäreleriň maksatnamasynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk assosiasiýasy (TABCA) aýratyn orun eýeledi. Assosiasiýa ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürýän möhüm köpri hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar.

Duşuşyklaryň esasy mowzugy «Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy: garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi baýram etmek» atly bilermenleriň tegelek stoly boldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlaryndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada giňişleýin çykyş etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mark Kameron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Mettýu Klimou iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüş depginine we hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.
Diplomatik maslahatlar bilen bir hatarda, çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň, milli lybaslarynyň we neşirleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar dostluk ruhunda geçirilen küşt ýaryşyna we futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdylar.

Ýakynda döredilen Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk assosiasiýasy (TABCA) üçin bu çäreler ABŞ-nyň diplomatik we işewür toparlary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri bolan telekeçiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açdy. Assosiasiýa olary iki döwletiň bazarlaryny baglanyşdyrýan tebigy köpri hökmünde görýär we geljekde amala aşyrmagy meýilleşdirýän söwda hem-de maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşjakdyklaryna uly umyt baglaýar.





