HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri «Beýik Ýüpek Ýoly» HK Toyota Land Cruiser Prado 250 ulaglary üçin hyzmat kampaniýasyny yglan etdi

Iýul 23, 2026 | 07:54 |1985
Toyota brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Beýik Ýüpek Ýoly» hususy kärhanasy 2024–2025-nji ýyllarda öndürilen Toyota Land Cruiser Prado 250 kysymly awtoulaglar üçin ýörite hyzmat kampaniýasynyň başlandygyny habar berýärToyota brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Beýik Ýüpek Ýoly» hususy kärhanasy 2024–2025-nji ýyllarda öndürilen Toyota Land Cruiser Prado 250 kysymly awtoulaglar üçin ýörite hyzmat kampaniýasynyň başlandygyny habar berýär
Çeşme: Orient.tm

Toyota brendiniň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Beyik Yupek Yoly» hususy kärhanasy 2024–2025-nji ýyllarda öndürilen Toyota Land Cruiser Prado 250 kysymly awtoulaglar üçin ýörite hyzmat kampaniýasynyň başlandygyny habar berýär.

Asus

Bu başlangyç maglumatlary görkezmek ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmäge we öndüriji tarapyndan kesgitlenen ýokary howpsuzlyk standartlaryny saklamaga gönükdirilendir.

Meýilleşdirilen tehniki işler möhüm duýduryşlaryň, ýagny hereketlendirijiniň ýag basyşy, hereketlendirijiniň temperaturasy we akkumulýator batareýasynyň zarýad derejesi baradaky maglumatlaryň nädogry görkezilmeginiň öňüni almak maksady bilen, gurallar paneliniň programma üpjünçiligini täzelemegi göz öňünde tutýar.

Kampaniýanyň çäklerinde resmi diler merkeziniň hünärmenleri ähli zerur işleri, şol sanda programma üpjünçiligini täzelemegi ýa-da zerur bolan ýagdaýynda gurallar panelini çalyşmagy doly mugt ýerine ýetirerler.

Görkezilen ulaglaryň eýelerine awtoulagynyň kampaniýa degişlidigini tassyklamak üçin VIN-koduny hyzmat merkezine hödürlemek maslahat berilýär.

Müşderileriň amatlylygy we tiz hyzmat almagy üçin olar «BYY_AUTO» resmi mobil goşundysyndan peýdalanyp bilerler. Bu goşundy ulag barada maglumatlary hakyky wagt tertibinde barlamaga hem-de tehniki hyzmat üçin öňünden ýazylmaga mümkinçilik berýär.

Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bu hyzmat kampaniýasynyň möhletsiz geçirilýändigini belleýär. Şeýle-de bolsa, awtoulag eýelerini hyzmat merkezine baryp görmegi yza goýmazlyga çagyrýar. Wagtynda geçirilýän tehniki hyzmat ulagyň uzak möhletleýin, ygtybarly we howpsuz ulanylmagynyň möhüm kepilidir.

«Beyik Yupek Yoly» hususy kärhanasy müşderileriň bähbitlerine ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de Toyota Land Cruiser Prado 250 awtoulaglarynyň kämil ýagdaýda saklanmagy üçin ýokary tehnologiýaly çözgütleri hödürlemegini dowam etdirýär.

Salgysy: Hoja Ahmed Ýasawy köçe, 39

Telefonlar:

76-10-42

76-10-32/33

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

15:00 Iýul 26, 2026
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026