UNCTAD-nyň hasabaty: 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda dünýä haryt söwdasynyň möçberi 13,7 trillion ABŞ dollaryna ýetdi
Dünýä bazarlaryndaky üýtgewsizlikler we ykdysady çaklamalaryň ýygy-ýygydan täzelenmegi şertlerinde halkara söwdanyň görkezijileri dünýä ykdysadyýetiniň hakyky ýagdaýyny görkezýän möhüm ölçeg bolup galýar. Bahalaryň ýokarlanmagyna we geosyýasy töwekgelçiliklere garamazdan söwdanyň ösüşi diňe bir statistiki görkeziji däl, eýsem işewürligiň durnuklylygyny, täze şertlere uýgunlaşmak ukybyny we täze mümkinçilikleri tapýandygyny görkezýär. Esasan hem emeli aň bilen baglanyşykly ýokary tehnologiýaly önümler bu ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülip, dünýä ykdysadyýetiniň geljeginiň innowasiýalar bilen berk baglydygyny tassyklaýar.
Sişenbe güni BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (UNCTAD) tarapyndan çap edilen «Ählumumy söwdanyň täzelenişi» atly soňky hasabata görä, 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda dünýä söwdasy baha basyşynyň güýçlenendigine garamazdan ösmegini dowam etdirdi. Hasabata laýyklykda, 2026-njy ýylyň alty aýynda dünýä haryt söwdasynyň möçberi 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 12,5 göterim artyp, 13,7 trillion ABŞ dollaryna ýetdi. Şol döwürde hyzmatlar söwdasy bolsa 10,5 göterim ýokarlandy.
Alty aýyň dowamynda harytlar we hyzmatlar boýunça umumy söwda dolanyşygy takmynan 2 trillion ABŞ dollary möberinde artdy. Şunuň bilen birlikde, ýylyň ahyryna çenli dünýä söwdasynyň rekord derejä ýetmegine garaşylýar. Hasabatda alty aýyň dowamynda emeli aň bilen baglanyşykly önümler we ýarymgeçirijiler ýaly ýokary tehnologiýaly önümlere bolan islegiň ýokary bolandygy, munuň bolsa dünýä söwdasynyň giňelmegine uly goldaw berendigi bellenilýär.
UNCTAD dünýä söwdasynyň geljekde hem baha basyşy, geosyýasy dartgynlylyk we söwda syýasatyndaky üýtgeşmeler ýaly çagyryşlar bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny mälim etdi. Gurama dünýä söwdasynyň dikeldilmeginiň henizem deň derejede geçmeýändigini, köp sanly ösüp barýan ýurtlaryň bazarlara çykmakda kynçylyk çekýändigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, ýokary tehnologiýalara we ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan güýçli isleg eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, bilermenler ýylyň ikinji ýarymynda hem ösüşiň dowam etjekdigine garaşýarlar. Şeýle-de bolsa, makroykdysady näbellilikler sebäpli ösüş depgininiň birneme haýallamagy ähtimal.





