HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Iýul 23, 2026 | 21:00 |3950
Çeşme: orient.tm

Sanly gurşaw häzirki zaman durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, onuň çagalara ýetirýän täsiri barha köp aladalary döredýär. Algoritmler ýetginjekleriň ünsüni çekmek üçin bäsleşýän, tükeniksiz habarlar akymy bolsa janly gatnaşygyň ornuny tutýan döwürde döwlet ösüp gelýän nesliň psihikasyny goramak jogapkärçiligini öz üstüne alýar. Fransiýada 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan edýän täze kanun diňe bir çäklendirme bolman, eýsem ýaş nesliň wagtyna we ünsüne gözegçiligi gaýtadan dikeltmäge, wirtual dünýä bilen hakyky durmuşyň arasynda anyk araçäkleri kesgitlemäge gönükdirilen ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.

Bu kanun Prezident Emmanuel Makronyň ýolbaşçylyk edýän döwründäki iň möhüm özgertmeleriň biri hasaplanýar. Täze kanun taslamasyna laýyklykda gadagançylyk iki tapgyrda ornaşdyrylar. 1-nji sentýabrdan başlap, 15 ýaşdan kiçi ýetginjeklere sosial torlarda täze hasap açmak gadagan ediler. Soňra çäklendirmeler indiki ýylda has-da giňeldiler. 2027-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, 15 ýaşdan kiçi ulanyjylara degişli ähli bar bolan sosial tor hasaplary wagtlaýyn togtadylar ýa-da doly ýapylar.

Fransiýa internetde çagalary goramak maksady bilen şeýle berk çäklendirmeleri girizen ilkinji döwletleriň birine öwrüldi. Prezident Emmanuel Makron birnäçe gezek kämillik ýaşyna ýetmedikleri zyýanly mazmundan we kiberzorlukdan goramagyň möhümdigini belläp geçdi. Şeýle hem täze kanun sosial tor platformalaryna ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin ygtybarly mehanizmleri döretmek borjuny ýükleýär. Bu bolsa tehnologik kompaniýalar üçin täze kynçylyklary döredip biler.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, sanly gurşawy kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin düzgünleşdirmek boýunça umumy strategiýanyň çäklerinde beýleki Ýewropa ýurtlarynyň hem Fransiýanyň tejribesine eýermegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026