Aşgabatdaky “Bilelik Hub” merkezinde “Tatneft” AGPJ-niň we Tatarystan Respublikasynyň wekilleri duşuşdylar


Aşgabatdaky döredijilik merkezi “Bilelik Hub”-da “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowyň we Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Ruslan Kabirowyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmegiň, tejribe alyşmagyň we geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar işewürleriň, hünärmenleriň we döredijilik jemgyýetiniň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy üçin häzirki zaman meýdançalarynyň ähmiýetini bellediler.
“Bilelik Hub” — bu telekeçileri, hünärmenleri, talyplary we döredijilik ugurlarynyň wekillerini birleşdirýän häzirki zaman koworking merkezidir. Bu giňişlik işlemek, aragatnaşyk gurmak, täze taslamalary ösdürmek we hünär jemgyýetini döretmek üçin döredilendir.
Merkeziň infrastrukturasyna “open space”, gepleşik otaglary, art-studiýasy, okalga zolagy, şeýle hem häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk maslahat zaly girýär. Bu zal halkara çärelerini, şol sanda sinhron terjime mümkinçilikleri bilen geçirilýän çäreleri guramak üçin niýetlenendir.
Ýerleşýänleriň amatlylygy üçin sanly hyzmatlar göz öňünde tutulandyr: onlaýn bron etmek, şahsy kabinet we töleg ulgamy. Aýratyn üns amatly iş gurşawyny döretmäge berildi — merkezde kafe, döwrebap türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen fitnes zolagy we dynç almak üçin giň eýwan bar.
“Bilelik Hub” — bu pikir alyşmak, taslamalary ösdürmek we täze hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleriň döredilen giňişligidir.







