Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi


Seýed Mostafa Hoseýnipur Eýranyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly wezipesine bellenildi. Diplomat hyzmat ýerine gitmezinden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdy. Ministr duşuşykda konsullygyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu barada Eýranyň Hökümeti özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Abbas Arakçi eýran-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtap, iki ýurduň arasynda ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Uzak umumy serhede eýe bolan Eýran bilen Türkmenistan köp ýyllardan bäri energetika, ulag we söwda ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsullygy Aşgabatdaky ilçihana bilen birlikde, Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň biridir.






