HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Adatdan daşary yssy howa we maýyl gyşlar grek pisse öndürijilerine zyýan ýetirdi

Iýul 21, 2026 | 16:30 |1848
Çeşme: orient.tm

Howanyň üýtgemegi indi diňe uzak geljekde ýüze çykyp biljek howp däl, ol eýýäm daýhanlaryň gündelik durmuşyna täsir edip, tebigatyň adaty ösüş aýlawyny üýtgedýär. Hatda asyrlarboýy Ortaýer deňziniň yssy howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen, gurakçylyga çydamly hasaplanýan pisse agaçlary hem täze bir mesele — maýyl gyşlar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Sowuk günler ýeterlik bolmansoň, agaçlar kadaly gülläp bilmeýär we hasyllylyk iki essä golaý azalýar. Hoşboý ysly pisseleri bilen tanalýan Gresiýanyň Egina adasy howanyň üýtgemeginiň daýhanlaryň oňa uýgunlaşyşyndan has çalt depginde dowam edýändigini başdan geçirýär.

Afina şäherinden gämide takmynan bir sagatlyk aralykda ýerleşýän Gresiýanyň Egina adasy ýurtda pisse öndürýän esasy sebit hasaplanýar. Bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän pisseler düzümindäki ýagyň ýokary bolmagy we ysy bilen giňden tanalýar. Meýdany 90 inedördül kilometrden hem kiçi bolan bu adada pisse we ondan taýýarlanylýan önümler — pisse mürepbesi, pisse çakyry hem-de pisse ýagy — gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.

Pisse agaçlary ýokary temperatura gowy uýgunlaşýar we gurakçylyga çydamly bolýar. Şol sebäpli soňky ýyllarda Gresiýada bolup geçen aşa yssy tomus tolkunlary olaryň ösüşine uly täsir ýetirmedi. Emma gyşlaryň has maýyl geçmegi we sowuk günleriň sanynyň azalmagy indi agaçlaryň ösüşine ýaramaz täsir edip başlady. Gresiýanyň Meteorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023–2024-nji ýyllaryň gyşky gözegçilikleriň taryhynda iň maýyl gyş hökmünde hasaba alyndy. Mundan başga-da, taryhda iň maýyl alty gyşyň dördüsi soňky alty ýylyň içinde bolup geçdi.

Adatdan daşary maýyl gyşlar pisse agaçlarynyň irki ösüş tapgyryny bozup biler. «Pisse agaçlarynyň kadaly gülläp bilmegi üçin gyş paslynda pes temperatura döwri zerurdyr. Ýagny howanyň temperaturasy 7,2 gradus Selsiden pes bolmalydyr. Eger şeýle sowuk döwür ýeterlik dowam etmese, gül pyntyklary kadaly ösmez, käbirleri bolsa asla açylmaz. Bu bolsa islenilýän derejede hasyl almaga päsgelçilik döreder» diýip, ýerli pisse öndürijisi we Egina oba hojalyk birleşiginiň ýolbaşçysy Nikos Alifantis aýtdy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Gresiýada ýagyş az ýagandygy sebäpli gurakçylyk dowam edýär. Bu ýagdaý aýratyn-da günorta adalarda has güýçli duýulýar. Şu ýyl suw ýetmezçiligi sebäpli ýedi adada adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Eginada hem gurakçylyk suw üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy we pisse agaçlaryna ýaramaz täsir etdi. Ozal her bir agaç ýylda ortaça 6 kilogram pisse berýän bolsa, häzirki wagtda hasyllylyk 3,5–4 kilograma çenli peseldi. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly howplara garşy göreşmek we pisse agaçlarynyň ösüşine has takyk gözegçilik etmek maksady bilen öndürijiler sanly takyk gözegçilik ulgamyny ornaşdyrdylar. Bu ulgam pisse öndürilişiniň ähli tapgyrlaryny sanly görnüşde yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ýerli oba hojalyk edarasy adadaky her bagda ýörite gözegçilik stansiýalaryny ýerleşdirdi. Bu stansiýalar howanyň temperaturasyny, ýagşyň mukdaryny, ýeliň tizligini we topragyň çyglylygyny hakyky wagt tertibinde ölçäp, haýsydyr bir üýtgeşme ýüze çykan ýagdaýynda daýhanlara öz wagtynda çäre görmäge ýardam edýär.

Howanyň üýtgemegi Ortaýer deňzi sebitindäki däp bolan oba hojalyk ekinlerine barha uly howp salýar. Temperaturalaryň ýokarlanmagyndan iň köp zyýan çeken ýurtlaryň biri bolan Gresiýa oba hojalygyny täze şertlere uýgunlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga çalyşýar.

Goragly gelip çykyş derejesine eýe bolan Egina pissesi ýurduň möhüm eksport önümleriniň biridir. Şonuň üçin hasylyň azalmagy ýerli ykdysadyýete hem ýaramaz täsir edip biler.

"CCTV+"-niň berýän maglumatyna görä, daýhanlar sanly gözegçilik ulgamlarynyň hasyly gorap saklamaga kömek etjekdigine umyt baglaýarlar. Şeýle-de bolsa, olar dünýä derejesinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça netijeli çäreler görülmese, uzak möhletleýin geljegiň henizem näbelli bolup galýandygyny belleýärler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026