HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Iýul 22, 2026 | 22:36 |8066
Diplomat hyzmat ýerine gitmezinden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdyDiplomat hyzmat ýerine gitmezinden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdy
Çeşme: Eýranyň Hökümetiniň X sosial torundaky sahypasy

Seýed Mostafa Hoseýnipur Eýranyň Mary şäherindäki täze Baş konsuly wezipesine bellenildi. Diplomat hyzmat ýerine gitmezinden ozal Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşdy. Ministr duşuşykda konsullygyň işiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu barada Eýranyň Hökümeti özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Abbas Arakçi eýran-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtap, iki ýurduň arasynda ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Uzak umumy serhede eýe bolan Eýran bilen Türkmenistan köp ýyllardan bäri energetika, ulag we söwda ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Eýranyň Mary şäherindäki Baş konsullygy Aşgabatdaky ilçihana bilen birlikde, Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň biridir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026