Tramp Kanadanyň harytlaryna 50 göterimlik gümrük pajyny girizdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanadanyň harytlarynyň bir toparyna goşmaça 50 göterimlik gümrük pajyny girizdi. Söwdaky gapma-garşylyk köplenç taraplaryň biriniň doly ýeňşi bilen tamamlanmaýar. Her täze girizilýän paç garşylyk çäresi hökmünde kabul edilýär we ykdysady dartgynlylyk syýasy gapma-garşylyga öwrülýär. ABŞ-nyň Prezidentiniň Kanadanyň harytlarynyň giň toplumyna 50 göterimlik paç girizmek baradaky karara gol çekmegi diňe bir söwda çäresi bolman, eýsem iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramaz tapgyra geçendiginiň alamaty hökmünde hem bahalandyrylýar. Gümrük paçlarynyň aňyrsynda iş orunlary, dükanlardaky harytlaryň bahalary we dünýäniň iň uly söwda hyzmatdaşlyklarynyň biriniň geljegi dur.
Duşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanadanyň käbir harytlaryna goşmaça 50 göterimlik gümrük pajyny girizmek baradaky üç sany permana gol çekdi. Ol Kanadany amerikan söwdasyna garşy syýasaty alyp barmakda aýyplady. Ak tamyň resmi saýtynda çap edilen resminamalara görä, käbir süýt önümlerine, alkogolly içgilere, awtoulaglara we olara degişli önümlere goşmaça 50 göterimlik gümrük pajy 19-njy awgustda gündogar wagt bilen sagat 00:01-de (Grinwiç wagty bilen 04:01-de) güýje girer. Energiýa önümleri, kaliý dökünleri, balyk we strategik ähmiýetli minerallar bu paçdan boşadylýar. Awtoulaglar we degişli önümler baradaky permanda Tramp Kanadanyň 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinden bäri ABŞ-dan getirilýän we ABŞ–Meksika–Kanada söwda ylalaşygynyň (USMCA) ýeňillikli paçsyz düzgünine degişli bolmadyk awtoulaglara 25 göterimlik gümrük pajyny saklap galandygyny aýtdy. Şeýle hem Kanada USMCA-nyň ýeňillikli paçsyz düzgünine girýän amerikan awtoulaglary üçin hem tarif kwotasyny saklap gelýär.
Gümrük çäreleri girizilenden soň, Kanadanyň ABŞ-dan awtoulag importy takmynan 22 göterim azaldy. Ol 2024-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň martyna çenli döwürde takmynan 25,9 milliard ABŞ dollary bolan bolsa, 2025–2026-njy ýyllaryň şol döwri üçin 20,3 milliard ABŞ dollaryna çenli peseldi.
Tramp Kanadanyň nyrh düzgüniniň diňe ABŞ-da öndürilen awtoulaglara degişlidigini aýdyp, onuň amerikan kärhanalaryny beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen deňeşdirilende bäsdeşlik taýdan amatsyz ýagdaýa salýandygyny belledi.
Şu ýylyň iýul aýynyň başynda ABŞ USMCA ylalaşygyny hökmany alty ýyllyk bilelikdäki gözden geçiriş döwründe uzaltmakdan ýüz öwürdi. Indi bu söwda ylalaşygy, eger üç tarap hem ony uzaltmak barada ylalaşmasa, 2036-njy ýyla çenli her ýyl gaýtadan gözden geçiriler.
Täze gümrük paçlary gündelik ulanylýan çakyr we hokkeý taýaklaryndan başlap, sement ýaly senagat önümlerine çenli köp sanly harydy öz içine alýar. Bu paçlar adatdan daşary ýagdaýlar däl-de, söwdadaky düzgünleşdirýän 1930-njy ýyldaky Gümrük paçlary hakynda kanunyň 338-nji bölümi esasynda girizildi.
Şu ýylyň başynda ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Trampyň Halkara adatdan daşary ykdysady ygtyýarlyklar baradaky kanuna esaslanyp girizen giň gerimli halkara gümrük paçlaryny ýatyrdy. Kazyýet Prezidentiň öz ygtyýarlyklaryndan çykandygyny aýtdy. Trampyň administrasiýasy ozal Kanadadaky tokaý ýangynlarynyň tüssesi sebäpli hem gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atypdy. Emma gol çekilen resminamalarda bu mesele barada hiç zat aýdylmaýar.
"CCTV+"-iň habar bermegine görä, Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni Ottawanyň ABŞ bilen gepleşikleri has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny hem-de jedelleri çözmegiň we USMCA ylalaşygyny döwrebaplaşdyrmagyň ýollaryny teklip edendigini aýtdy.







