Nobel baýragynyň eýesi Omar Ýagi: Ylmy barlaglar we bilim almak diňe bir şatlyk däl, eýsem jemgyýetiň öňündäki borjumyzdyr
Nobel baýragynyň eýesi Omar Ýagi: ylmy barlaglar we bilim almak diňe bir şatlyk däl, eýsem jemgyýetiň öňündäki borjumyzdyr. Hakyky alym hiç wagt gazananlary bilen çäklenmeýär. Hatda Nobel baýragyny alandan soň hem ol öňe seretmegini dowam etdirýär, sebäbi bilim şahsy üstünlik däl-de, eýsem adamzadyň öňündäki jogapkärçilikdir. Şol ýörelgäni paýlaşýan Omar Ýagi öz tejribesini paýlaşmak we ýaş nesil alymlary ruhlandyrmak maksady bilen Hytaýa geldi. Onuň jemgyýetiň öňündäki borç baradaky sözleri ylym ýoluny saýlanlaryň hemmesi üçin herekete çagyrýan çagyryş hökmünde ýaňlanýar.
Himiýa boýunça geçen ýyl Nobel baýragyna mynasyp bolan Omar Ýagi ýaş alymlary hiç wagt has uly sepgitlere ymtylmagy bes etmezlige çagyrdy. Onuň pikiriçe, bilime bolan ýadawsyz ymtylyş diňe bir şahsy höwes bolman, eýsem adamzadyň ösüşini öňe sürýän esasy güýçdür. Ýagi emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa we material öwreniş ugurlarynda gözlegleri alyp barmaga gönükdirilen başlangyja ýolbaşçylyk etmek üçin Hytaýyň Sinhua (Tsinghua) uniwersitetine goşuldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ozalky maslahat otagynda himiýa ylmyna düýpli goşant goşan, Nobel baýragynyň iki gezek eýesi Mariýa Kýuriniň portreti asylgydy. Kynçylykly pursatlarda Ýagi talyplaryna güýç almak üçin Kýuriniň gözlerine seretmegi maslahat berýärdi.
Ýakynda China Media Group (CMG) bilen geçirilen söhbetdeşlikde Ýagyli indiki nesil alymlaryna nähili pikiri ýetirmek isleýändigini düşündirdi.
«Meniň pikirimçe, olar hemişe has köp zat edip biljekdiklerine we hemişe has gowy edip biljekdiklerine düşünmelidirler. Aslynda bu pikir biziň hemmämize peýda getirip biler. Biziň hemmämiz has köp zat edip bileris. Biziň hemmämiz has gowy edip bileris. Indi bolsa Nobel baýragyndan soňky täze şygarymyz şeýle: biziň hemmämiz has köp zat edip bileris, has gowy edip bileris we hiç wagt saklanmaly däldiris», — diýip himik aýtdy.
Ýagi üçin iň ýokary ylmy baýraga mynasyp bolmak soňky maksat däl, diňe möhüm bir sepgitdir. Şollnuň bilen birlikde onuň jogapkärçilik duýgusy hem has-da artýar.
«Ylmy barlaglar we bilim almak diňe bir şatlyk däl, eýsem jemgyýetiň öňündäki borjumyzdyr. Jemgyýet hut şu ýol bilen beýgelýär. Hut bilim gazanmagyň üsti bilen», — diýip ol aýtdy.
Omar Ýagi metalloorganiki karkaslar (MOF) ugrunda dünýä belli himikdir. Onuň Sinhua (Tsinghua) uniwersitetine goşulmagy dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Emeli aňy himiýa we material öwreniş ugurlarynda ulanmak boýunça başlangyç täze materiallary döretmek, energetika we lukmançylyk ulgamlarynda açyşlary çaltlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Ýaginiň «bilim almak jemgyýetiň öňündäki borjumyzdyr» diýen ynamy Hytaýyň köp sanly ýaş alymlarynyň goldawyna eýe boldy. Olar ony özleri üçin görelde hasaplaýarlar.







