HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ISESCO guramasynda synçy döwlet derejesindäki ilkinji ädimleri kesgitlenildi

Iýul 21, 2026 | 19:32 |1939
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň mejlisi geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň mejlisi geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

AŞGABAT, 20-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň mejlisi geçirildi. Onda 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi we ýakyn geljek üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň eýe bolan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynda (ISESCO) synçy döwlet derejesiniň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berdiler. Mejlisde bu halkara meýdançada özara gatnaşyklaryň anyk ugurlary we geljegi uly bilim taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň agzalary ÝUNESKO bilen taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, ylmy ösdürmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy halkara giňişliginde giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan bilelikdäki başlangyçlaryň ýagdaýyna baha berdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

21:55 Iýul 21, 2026
Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

Türkmenistanyň dalaşgärleri ýokary okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişini onlaýn yzarlap bilerler

21:50 Iýul 21, 2026
Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

Tahýa taýýarlamak sungaty we halk lukmançylygy — Türkmenistan ÝUNESKO-da öz medeni gymmatlyklaryny öňe sürýär

20:00 Iýul 21, 2026