Endi Býornem Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri bolar


Beýik Britaniýanyň häkimiýet başyndaky Leýboristler partiýasynyň täze lideri wezipesine Endi Býornem saýlandy. Partiýanyň Milli Ýerine Ýetiriş Komitetiniň başlygy Şabana Mahmud bu barada ýörite geçirilen maslahatda resmi taýdan yglan etdi. Häzirki wagtda Leýboristler partiýasy häkimiýetiň başynda bolandygy sebäpli, 56 ýaşly syýasatçy gönüden-göni ýurduň Premýer-ministri wezipesini eýelär.
Dauning-stritde häkimiýeti resmi taýdan tabşyrmak dabarasy şu gün, 20-nji iýulda geçiriler. Endi Býornem bu wezipede ozal işinden çekilmek kararyna gelen Kir Starmeri çalşar.
Partiýanyň täze liderini saýlamak prosesi ýeke-täk dalaşgär bilen geçirildi. Beýik Britaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri muny eýýäm «täç geýdiriş» diýip häsiýetlendirdi. Dalaşgärleri hödürlemek möhleti 15-nji iýulda tamamlananda, öňki Beýik Mançesteriň häkimi Endi Býornem ýeke-täk dalaşgär bolup galdy. Onuň dalaşgärligini Leýboristler partiýasynyň 403 deputatynyň 369-sy, şeýle hem partiýa bilen baglanyşykly ähli kärdeşler arkalaşyklary goldady.
ORIENT







