HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Gruziýa bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Iýul 18, 2026 | 20:01 |1452
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim ministri Giwi Mikanadzeniň resmi duşuşygy geçirildiTürkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim ministri Giwi Mikanadzeniň resmi duşuşygy geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim ministri Giwi Mikanadzeniň resmi duşuşygy geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we talyplar hem-de alymlar üçin täze mümkinçilikleri açjak resminamalar toplumyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň esasy mowzugy öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýaşlar syýasatyny pugtalandyrmak boldy. Taraplar talyplaryň we mugallymlaryň akademiki hereketliligini ösdürmek, bilelikdäki ylmy barlaglary, tejribe alyşmalary hem-de bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça ylalaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda lukmançylyk, nebitgaz pudagy, energetika, binagärlik, ulag we sanly tehnologiýalar görkezildi. Şeýle hem emeli aň, kiberhowpsuzlyk we STEAM bilimi ýaly öňdebaryjy ugurlara aýratyn üns berildi.

Туркменистан и Грузия подписали подписали пакет документов о сотрудничестве

Duşuşygyň jemleri boýunça alty ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Bilim ministrlikleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bilen birlikde, iri ýokary okuw mekdepleri hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça göni şertnamalary baglaşdylar.

— Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

— Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Туркменистан и Грузия подписали соглашения

Gol çekilen resminamalar iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny ep-esli pugtalandyrýar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklaryň bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026