HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gresiýa suwuklandyrylan tebigy gazyň gatnawlary üçin aýratyn ýeňillikleri talap edip, ÝB-niň Russiýa garşy 21-nji sanksiýa bukjasyna garşy çykýar

Iýul 19, 2026 | 14:00 |892
Çeşme: orient.tm

Ýewropa Bileleşiginiň içki agzybirligi hemişe onuň güýçli taraplarynyň biri bolup geldi. Emma 27 ýurduň sesi bir pikirde birleşip bilmese, şol bir aýratynlyk onuň gowşak tarapyna hem öwrülýär. Gresiýanyň öz flotunyň bähbitleri üçin aýratyn ýeňillikler talap etmegi agyryly hakykaty açyp görkezýär: uzak wagtlap dowam edýän çaknyşyk şertlerinde-de Ýewropanyň paýtagtlary diňe maksatlar barada däl, eýsem şol maksatlara ýetmek üçin tölemäge taýýar bolan bahalary barada hem jedelleşmegini dowam etdirýärler.

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy 21-nji sanksiýa tapgyry boýunça gepleşikleri Gresiýanyň rus suwuklandyrylan tebigy gazyna girizilen gadagançylyga üýtgetmeler girizilmegini talap etmegi sebäpli, petige diredi diýip, bu barada anna güni çeşmeler habar berdi. Afiny şäheri Ýewropa Bileleşiginiň umumy gadagançylygyna garamazdan, grek flotuna Russiýanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny Ýewropa Bileleşiginiň çäginden daşardaky ýurtlara daşamagy dowam etdirmäge mümkinçilik berjek aýratyn ýeňillikleri gazanmaga synanyşýar.

Tassyklanan düzgünlere görä, 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Ýewropa Bileleşiginiň ähli operatorlaryna Russiýanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny satyn almak, import etmek ýa-da gaýtadan daşamak gadagan ediler. Şeýle hem bu gadagançylyk üçünji ýurtlar üçin ulag hyzmatlaryny hödürleýän Ýewropa Bileleşiginiň kompaniýalarynada degişli bolar. Gresiýa hut şu düzgüni täzeden gözden geçirmegi maksat edinýär. Çarşenbe güni täze sanksiýa bukjasyny kabul etmek boýunça tagallalary dowam etdirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň ilçileriniň duşuşygy meýilleşdirilýär.

Mundan öň, 9-njy iýunda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Russiýa garşy 21-nji sanksiýa bukjasy baradaky teklibi yglan etdi. Bu bukja energetika, maliýe ulgamy, kriptowalýutalar, söwda we ilkinji gezek balykçylyk pudagyna gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. Teklipde Russiýanyň nebit söwdasyna gatnaşýan portlara, howa menzillerine we nebiti gaýtadan işleýän zawodlara degişli çäklendirmeler, şeýle hem Russiýa suwuklandyrylan tebigy gazy daşamak üçin tankerleriň satylmagyny gadagan etmek ýaly çäreler hem bar. Bu sanksiýa bukjasynyň güýje girmegi üçin Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň hemmesiniň tassyklamagy zerur.

Öňki 20 sanksiýa bukjasy dürli derejedäki ylalaşyklar bilen kabul edildi, emma her gezek bu proses birnäçe hepde, hatda birnäçe aý dowam etdi. Esasan hem energetika pudagyna täsir edýän çäreler boýunça uly düşünişmezlikler ýüze çykýar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, soňky karar diňe doly ylalaşyk gazanylandan soň kabul edilip bilner. Häzirlikçe bolsa bu ylalaşyk heniz gazanylanok.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

19:30 Iýul 19, 2026
Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

18:00 Iýul 19, 2026
Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

16:30 Iýul 19, 2026