HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede daýwing: batyp galan gämileri we gowaklary görmek üçin iň gowy ýerler

Iýul 18, 2026 | 20:59 |9478
Türkiýe diňe bir rahat kenarýaka dynç alyş ýeri bolmak bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda işjeň syýahatçylaryň 65%-den gowragy türk kenarýakasyny snorkeling we daýwing üçin saýlaýarTürkiýe diňe bir rahat kenarýaka dynç alyş ýeri bolmak bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda işjeň syýahatçylaryň 65%-den gowragy türk kenarýakasyny snorkeling we daýwing üçin saýlaýar
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Türkiýe diňe bir rahat kenarýaka dynç alyş ýeri bolmak bilen çäklenmeýär. Häzirki wagtda işjeň syýahatçylaryň 65%-den gowragy türk kenarýakasyny snorkeling we daýwing üçin saýlaýar. Üç deňiz bilen gurşalan ýurt, hem täze başlanlar, hem-de hünärmenler üçin howpsuz we ajaýyp gözellikdäki lokasiýalaryň uly toplumyny hödürleýär.

Дайвинг в Турции - Bodrum Castle Veiw 3

Ortaýer deňizdäki esasy çekiji nokat hökmünde Antalýa welaýatynyň Kaş şäheri ykrar edilýär, ol dünýäde suwa çümmek üçin iň gowy on ýeriň hataryna girýär. Bu ýerde daýwerler seýrek duş gelýän deňiz pyşdyllara gabat gelip we gadymy amforalaryň ýanyndan ýüzüp bilerler. «Dakota» uçarynyň suwa çümen galyndylary, özboluşly emeli rif hökmünde, şeýle hem taryhy gäminiň galyndylary bolan çuňňur «Kanýon» uly gyzyklanma döredýär.

Egeý kenarýakasy suwasty relyefi söýüjileri özüne çekýär. Bodrumda dürli reňkli gubkaly «Uly we Kiçi rifler» meşhurdyr, Çeşmede bolsa tejribeli daýwerler meşhur «Ýatylýan otag» atly suwasty gowagy öwrenýärler. Kuşadasalarda bolsa ekstremal duýgylary halaýanlar, deňziň düýbüne ýörite çümdürilen ägirt uly «Airbus A300» ýolagçy uçaryna baryp bilerler.

Дайвинг в Турции - Antalya- Altınbeşik Cave 2

Taryh muşdaklary üçin Egeý deňziniň demirgazygynda Çanakkaledäki gaýtalanmajak «Gallipoli» suwasty seýilgähi açyldy. Kenarýaka boýunça 17 sany harby daýwing nokady bar, ol ýerde Birinji jahan urşunyň gämileri pes çuňlukda ýatyr. Bu polat ägirtleriň ýanyna çümmek, deňiz düýbünde doňup galan dünýä taryhynyň sahypalaryna göni ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär.

Дайвинг в Турции - Fethiye 2

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026