Hindistan ilkinji ekologiýa taýdan arassa wodorodly otlysyny işe girizýär


Hindistanyň demir ýollary ýurtda ilkinji wodorod ýangyç elementleri bilen işleýän otlyny ulanmaga taýýarlanýar. Adaty otlulardan tapawutlylykda, täze otly wodorod bilen kislorodyň himiki reaksiýasy arkaly elektrik energiýasyny göni otlynyň özünde öndürer. Bu prosesiň ýeke-täk önümi suw bugy bolup, ulag atmosfera zyýanly zyňyndylary goýbermeýän doly ekologik arassa ulag hasaplanýar.
Täze otly uzynlygy 89 kilometr bolan Jind – Sonipat ugrunda sagatda 110 kilometre çenli tizlik bilen gatnar. Otlyny ýangyç bilen üpjün etmek üçin Jind şäherinde ýurduň iň iri ýöriteleşdirilen toplumy guruldy. Bu ýerde ekologik taýdan arassa wodorod suwuň elektroliz usuly arkaly göni önümçilikde alynýar.
Taslamanyň gerimi we howpsuzlyk tehnologiýalary

Hindistanyň bu taslamasy dünýäde gerimi bilen tapawutlanýar.
• Uly sygymlylyk: Beýleki ýurtlarda wodorodly otlular adatça 2–4 wagondan ybarat bolsa, Hindistanyň täze otlysy 10 wagondan ybarat bolup, bir wagtyň özünde 2600-e çenli ýolagçyny daşap biler.
• Köp derejeli howpsuzlyk: Ýokary duýgur datçikler gazyň iň kiçi syzmasyny, tüsselenmäni ýa-da temperaturanyň ýokarlanmagyny dessine anyklap, adam gatyşmazdan ýangyç berlişini awtomatiki togtadýar.

• Garaşsyz barlag: Wodorod ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işlenip düzüldi we Germaniýanyň TÜV SÜD kompaniýasynyň garaşsyz bilermenleri tarapyndan üstünlikli barlandy.
Ýurduň öz içinde doly işlenip taýýarlanan we ýygnalan bu uly taslama Hindistanyň uglerod zyňyndylaryny aradan aýyrmak hem-de geljegiň ekologik arassa ulag ulgamyny döretmek ugrundaky tagallalarynyň aýdyň beýanydyr.
ORIENT





