ABŞ ýurtda bolmagyň täze düzgünlerini girizýär we daşary ýurtly talyplar üçin giriş mümkinçiliklerini çäklendirýär


ABŞ-nyň häkimiýetleri daşary ýurtly talyplar, alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşýanlar we žurnalistler üçin ýurtda bolmagyň täzelenen düzgünlerini çap etdi. Ýurduň Içeri howpsuzlyk ministrligi ozal F, J we I görnüşli wizalaryň eýelerine ABŞ-da yzygiderli gözegçiliksiz bolmaga mümkinçilik berýän düzgüni ýatyrdy.
Täze düzgünlere laýyklykda, daşary ýurt raýatlary üçin ABŞ-da bolmagyň anyk möhleti kesgitlenýär. Bu karar ABŞ-da bilim almagy ýa-da tejribe geçmegi meýilleşdirýän müňlerçe adama täsir eder.
Näme üýtgedi?
Öň talyplar bir okuw maksatnamasyndan beýlekisine geçmek arkaly ýurtda köp ýyllap galyp bilýärdiler. Täze düzgünler bu mümkinçiligi doly aradan aýyrýar.
Indi talyp wizasy bilen ABŞ-da diňe okuw döwründe, ýöne iň köp dört ýyla çenli bolmaga rugsat berler. Mundan başga-da, ýurtda bolmagyň möhletini uzaltmak baradaky resminamalar indi uniwersitetiň üsti bilen däl-de, gönüden-göni ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna (USCIS) tabşyrylmaly bolar we biometrik barlagdan geçmek talap ediler.
Okuw tamamlanandan soň ýurtdan çykmak üçin berilýän möhlet hem gysgaldyldy. Indi uçurymlaryň ABŞ-dan çykmagy üçin öňki 60 günüň ýerine 30 gün berler.
Täze düzgünler iki aýdan soň güýje girer we ABŞ-da eýýäm bilim alýan daşary ýurtly talyplara hem degişli bolar.
ORIENT





