HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Malaýziýa Türkmenistan üçin täze syýahatçylyk mümkinçiliklerini açýar

Iýul 18, 2026 | 20:34 |1951
Malaýziýa syýahatçylyk pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aşgabatda iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Visit Malaysia 2026» dünýä möçberli syýahatçylyk maksatnamasyny ilerletmäge bagyşlanan ilkinji ýöriteleşdirilen duşuşyk geçirildiMalaýziýa syýahatçylyk pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aşgabatda iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Visit Malaysia 2026» dünýä möçberli syýahatçylyk maksatnamasyny ilerletmäge bagyşlanan ilkinji ýöriteleşdirilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: intourist.ru

Malaýziýa syýahatçylyk pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aşgabatda iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Visit Malaysia 2026» dünýä möçberli syýahatçylyk maksatnamasyny ilerletmäge bagyşlanan ilkinji ýöriteleşdirilen duşuşyk geçirildi.

Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda yzygiderli amala aşyrylýan göni howa gatnawlary ýardam berýär. Göni gatnawlar deňiz kenarynda dynç almak, iş saparlary ýa-da okuw maksatly syýahatlar üçin amatly we çalt mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň Malaýziýa syýahat etmäge bolan gyzyklanmasy yzygiderli artýar. Geçen ýyl bu ýurda syýahat edenleriň sany 42 göterimden hem köp artyp, 10 müň adamdan geçdi. Bu oňyn ösüş şu ýylda hem dowam edýär.

Malaýziýa özboluşly tebigaty, baý medeni mirasy we ýokary howpsuzlyk derejesi bilen syýahatçylary özüne çekýär. Mundan başga-da, ýurt halal infrastrukturasynyň ösmegi we myhmansöýerligi sebäpli musulman syýahatçylary üçin dünýäniň iň amatly ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär.

Aşgabatda geçirilen duşuşyk türkmen syýahatçylyk agentliklerine malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ýakyn wagtda syýahatçylar üçin has amatly syýahat bukjalarynyň, täze teklipleriň we gyzykly gezelenç ugurlarynyň peýda bolmagyna ýardam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

Kanadadaky tokaý ýangynlaryndan döreýän tüsse howpuna garamazdan, öňki dünýä çempionlary dartgynly finala garaşýarlar

19:30 Iýul 19, 2026
Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

Emeli aň rak keselini anyklamagy we bejermegi özgertýär — hytaýly bilermen

18:00 Iýul 19, 2026
Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

Daşky dünýäni modelleşdirmek robotlaryň öwrenişini çaltlandyrýar

16:30 Iýul 19, 2026