HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

DÇ-2026: Asmanda iki ýyldyz duşuşar – biri ýaşýan, beýlekisi dogýan

Iýul 18, 2026 | 19:01 |4852
Bu täleýnama däl, eýsem 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalyna bolan garaşma. Şol finalda Lionel Messi bilen Lamin Ýamal duşuşyp biler – biri dünýä futbolyndaky işjeň ornuny tamamlaýan uçursyz zehin, beýlekisi bolsa uly geljegi bolan, umyt döredýän ýaş zehinBu täleýnama däl, eýsem 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalyna bolan garaşma. Şol finalda Lionel Messi bilen Lamin Ýamal duşuşyp biler – biri dünýä futbolyndaky işjeň ornuny tamamlaýan uçursyz zehin, beýlekisi bolsa uly geljegi bolan, umyt döredýän ýaş zehin
Çeşme: Getty Images

Bu täleýnama däl, eýsem 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň finalyna bolan garaşma. Şol finalda Lionel Messi bilen Lamin Ýamal duşuşyp biler – biri dünýä futbolyndaky işjeň ornuny tamamlaýan uçursyz zehin, beýlekisi bolsa uly geljegi bolan, umyt döredýän ýaş zehin.

Bürünç medal ugrundaky duşuşygy hasaba almazdan, indi üç soraga jogap tapmak galýar.

“Bu nähilli? Bir oýunda üç soraga nähili jogap tapylýar?” – diýip, adaty janköýer sorap biler.

Hawa! Üç sorag: Kim çempion bolar? Çempionatyň iň gowy oýunçysy kim bolar? “Altyn topuň” eýesi kim bolar?

заг (2).jpg

Dünýä çempionaty iň ýokary derejesine ýetdi, indi bolsa çempionlyk ugrundaky iki dalaşgäriň atlary hem-de iň görnükli futbolçylaryň şahsy reýtingindäki orunlary belli bolansoň, geçen ýoly giňişleýin seljermegiň wagty geldi.

Bu iki ýarym final diňe dört ýylda bir gezek geçirilýän iň uly finalda oýnamak hukugy ugrunda geçirilen sport bäsleşikleri bolman, eýsem häzirki jemgyýetdäki çuňňur taktiki, durmuş we taryhy ýagdaýlary ýüze çykaran ählumumy siwilizasion beýannama öwrüldi.

AP26196773983090-1784181146.jpg

Tehasdaky we Atlantadaky stadionlaryň ýaşyl meýdançalary ýene-de bir gezek futbolyň eýýäm diňe öz çägindäki bir zat bolman, eýsem ägirt uly aýna öwrülendigini subut etdi. Şol aýnada biz häzirki döwrüň toparlarynyň güýçli islegleriniň, geçmişiň geosyýasy ýaralarynyň we iň esasy zat — futbolyň sport hem-de intellektual ugur hökmünde bütin dünýäde ösýändiginiň şöhlelenmesini görýäris.

Geliň, netijesi boýunça iň dartgynly we öňünden çaklamasy iň kyn bolan duşuşyk hökmünde ikinji ýarym finaldan başlalyň.

Folklend sindromy ýa-da gahar-gazabyň genetiki garşydaşlaryň duşuşygynyň ssenarisini nähili üýtgedendigi

Atlantadaky stadionda geçirilen Argentina bilen Angliýanyň arasyndaky ýarym final duşuşygy örän dartgynly, güýçli göreşli we duýgular bilen ýüklenen ýagdaýda geçdi. Bu garşylaşma diňe bir sport bäsleşiginiň çäginden çykyp, uzak geçmişdäki wakalara daýanypdy.

2 часть (2).jpg

Argentinaly futbolçylaryň damarlarynda we milli ýygyndynyň reňklerine boýalan joşgunly münberlerde edil taryhy ýatlama — Folklend-Malwin adalary bilen bagly köne gahar-gazap we ýara täzeden oýanan ýalydy.

Bu çaknyşygyň düýp manysy ýer meselesindäki jedeldir. Beýik Britaniýa bu arhipelagy öz Folklend adalary diýip hasaplaýar, Argentina bolsa olary Malwin adalary diýip atlandyryp, taryhy hukuklarynyň bardygyny öňe sürýär.

Iki ýüz ýyla golaý wagt bäri dowam edip gelýän bu dawa 1982-nji ýylda işjeň tapgyra geçdi: 74 gün dowam eden uruş boldy we ol Beýik Britaniýanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Adalar onuň gözegçiliginde galdy.

Uruşyň netijesi gynançly boldy. Ilkinji gezek deňizdäki söweş şertlerinde raketalar ulanyldy, ýitgiler bolsa gark edilen gämiler, ýok edilen harby tehnikalar we iki tarapdan ýüzlerçe adamyň ölümi bilen ölçenildi. Hem-de bularyň ählisi diýen ýaly adamsyz, ýaşaýşy az bolan adalar üçin edildi. Meşhur argentinaly ýazyjy we filosof Horge Luis Borhes bu çaknyşygy “iki kel kelläniň darak üçin urşy” diýen sözler bilen häsiýetlendiripdi. Şeýlelik bilen ol bu garşylaşmanyň manysyzdygyny nygtady — taraplar jedelli we ähmiýeti uly bolmadyk ýer üçin ägirt uly serişdeleri hem-de adamlaryň ömrüni sarp etdiler.

Emma Argentinada ýeňliş milli buýsanja agyr zarba boldy. Uruşdan bary-ýogy dört ýyl soň, Meksikada geçirilen Dünýä çempionatynda Argentina bilen Angliýanyň arasynda meşhur duşuşyk boldy. Şol oýnuň baş gahrymany, şübhesiz, Diego Maradona boldy. Ol dört minudyň dowamynda iki gol geçirdi.

i.jpg

Olaryň ilkinjisi futbol taryhyna “Taňrynyň eli” diýen at bilen girdi. Maradona beýik böküp, goragçydan we derwezebanlardan öňürti hereket edip, topy derwezä gönükdirdi. Emin goly hasaplady, emma şu güne çenli jedeller dowam edýär: Diego topy iňlisleriň derwezesine kellesi bilen urdumy ýa-da eli bilen gönükdirdimi? Şol döwürde, kyrk ýyl mundan ozal, häzirki zaman IT täsinlikleri we emeli aň ýokdy, eminler diňe öz akylyna we gözlerine daýanýardylar.

Oýundan soňky metbugat maslahatynda žurnalistler Maradonadan göni: “Topy eliňiz bilen geçirmediňizmi?” diýip soradylar. Diego bolsa bu goluň “bir bölegi Maradonanyň kellesi bilen, bir bölegi bolsa Taňrynyň eli bilen” geçirilendigini aýtdy. Iňlis metbugatynda bolsa bu waka garaşylşy ýaly “şeýtanyň eli” diýip atlandyryldy.

Diego Maradona Goal of the Century vs England 1986.jpg

Ilkinji goldan bary-ýogy dört minut geçenden soň, Maradona ýene bir gahrymançylykly pursady döretdi. Ol topy öz ýarym meýdançasynda kabul edip, ýokary tizlik bilen iňlis toparynyň futbolçylarynyň ýarysyny diýen ýaly (olaryň birini bolsa iki gezek) ussatlyk bilen geçdi we üstesine-de derwezebany hem aldady. Soňra bolsa hakyky sungat ussady ýaly sowukganlylyk bilen topy boş derwezä gönükdirdi. 2002-nji ýylda FIFA internet ses berişliginiň netijesi boýunça bu geçişi “Ýüzýyllygyň goly” diýip ykrar etdi.

Köp sanly argentinaly janköýerler şol duşuşykda Angliýadan üstün çykmagy simwoliki ar alnyş hökmünde kabul etdiler. Ine, indi kyrk ýyldan soň Argentina bilen Angliýa ýene-de duşuşdy, ýöne bu gezek DÇ-2026-nyň ýarym finalynda.

2 часть (1).jpg

Angliýa ilkinji minutlardan başlap garşydaşyna uly güýç bilen hüjüm etdi. Emma futbolçylaryň arasyndaky dartgynly ýagdaýlar eýýäm üçünji minutdan başlandy. Duşuşygyň başynda iňlisler meýdançada hem, oýun taýdan hem ynamly artykmaçlygy ele geçirdiler. Hatda argentinalylaryň garşydaş toparyň jerime meýdançasyna ýönekeý we howpsuz ýakynlaşmalary hem, ilki bilen meýdançada kän bir görünmeýän Messiniň ýolbaşçylygyndaky topar üçin şowlulyk ýaly kabul edilýärdi.

Şol pursatda meniň pikirimçe, iňlisleriň ýeňşi baradaky çaklamalar hakykata öwrülip barýan ýalydy. Emma kadrda Mik Jagger peýda bolanda, men öz-özümden gygyrdym: “Ähli zat gutardy! Indi iňlisler hökman ýeňler!” Şondan soň dessine däl-de, takmynan ýedi minut geçenden soň, argentinalylar ýuwaş-ýuwaşdan işjeňleşip başladylar.

mick-jagger-world-cup-2026-billboard-1800.jpg

Emma Dumanly Albionynyň wekilleri ilkinji arakesmä çenli agalyk etmegini dowam etdirdiler. Şondan soň argentinalylar oýny doly deňleşdirdiler. Ýöne bu ýerde hem çemeleşmede tapawut bardy: iňlisler durnukly oýnadylar we şol bir wagtda hüjümli, döredijilikli futbol görkezmäge synanyşdylar; argentinalylar hem edil şonuň ýaly oýnadylar, ýöne hereketleri bilen garşydaşlarynyň taktiki meýilnamalaryny bozmagy maksat edinýärdiler.

Jagger Gýoteniň “Faust” eserindäki Mefistofel keşbiniň gönüden-göni garşylygydyr. Mefistofel özüni şeýle häsiýetlendirýär: “Men hemişe ýamanlyk isleýän we hemişe ýagşylyk edýän güýjüň bir bölegidirin.” Mik Jagger bolsa munuň tersine. Ol edil ak ýürekli perişde ýaly, söýgüli toparyna goldaw bermäge çalyşýar, ýöne onuň ýagşy niýetleri köplenç şol toparyň ýeňlişine getirýär.

Emma şol gün ýagşy perişdäniň “ýaman täsiri” duşuşygyň soňky minutlaryna çenli ýüze çykmady. Mälim bolşy ýaly, iňlisler oýnuň ep-esli böleginde hasaby hem öňe alyp bardylar. Ýöne soňky minutlarda olar uly betbagtçylyga uçrap, futbol äleminde hakyky bulam-bujarlygy döretdiler.

Eger birinji ýarymda Messi käbir pursatlarda özüne mahsus ajaýyp pursatlary görkezýän hem bolsa, olaryň şöhle saçmagy ilkinji derejeli ýyldyzyň ýagtylygyna doly laýyk gelmeýärdi. Ýöne duşuşygyň ikinji ýarymynda ol diňe bir toparynyň hereketlerine ýolbaşçylyk etmän, eýsem özi hem ýoldaşlaryny iňlisleriň goranyş berkitmelerine tarap alyp gitdi. 55-nji minutda geçirilen goldan soň argentinalylar garşydaşynyň goragyna garşy hüjüme geçdiler. Özi-de boýy pesräk bolan Messi beýik boýly iňlis futbolçylarynyň derwezesine tarap yzygiderli ýol açmaga synanyşyp, edil ylgap barýarka özüne ýapyşmaga synanyşýan bir topar möjek itlerinden sypmaga çalyşýan kiçijik aýy çagasyny ýada salýardy.

og-messi-bellingham-2.jpg

Mundan başga-da, Lionel hemişe ajaýyp oýunçy Jude Bellingemiň güýçli pressingi astyndady. Bellingem edil kölege ýaly Messini yzarlap ýördi we şol bir wagtyň özünde argentinalylaryň derwezesine gönükdirilen hüjümlere hem gatnaşmaga ýetişýärdi. Emma otuz dokuz ýaşly hüjümçi ýene-de bir gezek özüniň zehininiň garşydaşynyň islendik fiziki we tehniki artykmaçlygyny ýok edip biljekdigini subut etdi.

Gol geçirenden soň, argentinalylaryň hereketlerinde aşa güýçli we gaty göreşjeň ýagdaý ýüze çykyp başlady. Olar meýdançanyň ýekeje santimetrini hem iňlislere bermek islemeýän ýaly görünýärdi. Meniň pikirimçe, olaryň içinde ýene-de Folklend–Malwin adalary bilen baglanyşykly taryhy wakalardan gözbaş alýan ruhy gahar-gazap oýandy. Duşuşyk hakyky nerw söweşine öwrüldi; bu ýerde oýunçylaryň taktikasy we fiziki güýji däl-de, eýsem psihologik durnuklylygy esasy orna geçdi.

Ikinji ýarymda tälimçi Lionel Skaloni goragy has-da berkitmek üçin täze güýç getirýän çalşyklary geçirdi. Ýöne Messi hilegär: ol iňlisleriň öz derwezesine örän golaý ýerleşip, gysyş ýagdaýyna düşen pursadyna garaşdy-da, yzygider iki sany ajaýyp pas berdi. Şol paslar ilki hasaby deňledi, soňra bolsa ony üýtgedip, 2:1 etdi.

GettyImages-2286269175.jpg

Argentinalylar adatdan daşary häsiýet görkezdi, meýdançanyň merkezindäki gorag zolagynda çäksiz berk göreşdi we duşuşygyň soňky minutlarynda häzirki zaman futbolynyň taryhynda ägirt uly öwrülişik döretdi. Milli ýygyndy ýeňiş üçin göreşdi we özüne hem-de başgalara ýurtlaryň arasyndaky taryhy garşylygyň hem-de içki gaharyň iň kämil güýç maşynyny hem ýeňip biljek iň güýçli “dopinge” öwrülip biljekdigini subut etdi. Ikinji goly geçirenden soň, Angliýa çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirmek mümkinçiligini ýitirdi.

Käwagt oýlanýaryn: belki-de iňlis toparyna şeýle maslahat bermelidirin: “Indiki dünýä çempionatynda ýene-de Jagger peýda bolsa, oňa dessine yzyna bilet beriň, has gowusy gämi bilen bolsun. Çempionat gutarýança ony öz Londona tarap ýüzdürip goýberiň!”

Sebäbi esasy wagtyň iň soňky pursatlarynda, 89-njy minutda, ekranda ýene-de Jagger peýda boldy. Üç minut geçenden soň bolsa iňlisler şol betbagtçylykly ikinji pökgini derwezelerinde gördüler…

заг (1).jpg

Iberiýa ýeňşi – Fransiýa garşy taktiki şah we mat

Dallasda geçirilen Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky ýarym final duşuşygy ilkibaşda bilermenler tarapyndan futbol filosofiýalarynyň nusgawy çaknyşygy hökmünde görkezilipdi. Emma hakykatda ol kör fiziki güýjüň üstünden akyl-paýhasyň üstün çykmagynyň ajaýyp sapagyna öwrüldi.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bu iň ýokary tapgyra kemsiz oýun ýagdaýynda ýetdi. Olar meýdançanyň merkezindäki çyzykda ajaýyp sazlaşygy, ýokary derejeli futbol düşünjesini görkezýärdiler. Bu ýerde Rodri (Rodrigo Hernandez Kaskante) we Pedri (Pedro Eliezer Rodriguez Ledesma) edil “mikrohirurglar” ýaly takyklyk bilen duşuşygyň depginine gözegçilik edýärdiler.

Olaryň 19 ýaşly täze döreýän uçursyz zehin Lamin Ýamal meýdançada tejribeli grossmeýster ýaly hereket etdi we fransuz türgenleriniň güýçli fiziki basyşyny asla ähmiýetsiz hasaplady.

44.jpg

Hut Ýamal 22-nji minutda fransuzlaryň jerime meýdançasynda goragçyny inçe usul bilen düzgün bozmaga mejbur etdi we örän möhüm penaltini gazandy. Şol jerime urgusyny bolsa Mikel Oýarzabal sowukganlylyk bilen ýerine ýetirdi. 57-nji minutda ispanlar artykmaçlygyny iki esse artdyranlarynda, ispan tälimçisi Luis de la Fuente-niň taktiki duzagy doly ýapyldy.

Didýe Deşamyň ýolbaşçylygyndaky fransuz topary eýýäm birinji ýarymda düýpli düzüm kynçylygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Sebäbi arkasynyň agyrylarynyň güýçlenmegi sebäpli olaryň esasy goragçysy William Saliba meýdançany wagtyndan öň terk etmeli boldy.

Goragdaky esasy oýunçysyndan mahrum bolan we salwadorly emin Iwan Bartonyň berk eminligi bilen ýüzbe-ýüz bolan Fransiýa (ol regbi usulyndaky gödek saklamalary, her näçe hem bolsa, hemişe däl-de, köplenç togtadýardy) öz oýnuny ýitirdi we göni, töwekgelçilikli hüjümlere bil baglap başlady.

Spain vs France semifinal Dallas World Cup 2026 (2).jpg

Ýöne ispaniýaly “janly küşt daşlary” futbolyň doly gipnoz we köşeşdiriji tertibini işledip, duşuşygyň soňky minutlarynda topy öz aralarynda birsydyrgyn geçirdiler. Bu pursatlarda joşgunly janköýerler stadiony “Ole! Ole! Ole!” diýen şowhun bilen ýaňlandyrýardylar.

Fransiýanyň kapitany Kilian Mbappe bolsa topdan diýen ýaly doly üzňeleşdirildi. Duşuşygyň ahyryna golaý ol umytsyzlykdan we ejizliginden gödek düzgün bozup, sary kart aldy. Şeýle-de bolsa, ol ispaniýalylaryň berk guralan goragyny böwsüp geçmegi başarmady.

Daşary ýurt metbugaty Didýe Deşamyň pragmatik we gury wertikal oýun ulgamynyň “Gyzyl furýanyň” (Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň lakamy) ajaýyp futbol estetikasynyň hem-de akyl-paýhasynyň öňünde doly boýun egendigini ykrar etdi. Şeýlelikde, Ispaniýa 2:0 hasabynda mynasyp ýeňiş gazanyp, finala çykdy.

Futbol janköýerliginiň täze sahypasy barada jemleme

Duýgulardan we güýçli hyjuwdan doly geçen bu ýarym final hepdeliginiň netijelerini jemläp, ynam bilen aýtmak bolar: 2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty futbolyň täze hakykatyny doly kemala getirdi. Bu üýtgeşmeler diňe bir geografik däl, eýsem taktiki nukdaýnazardan hem aýdyň görünýär.

Dört ýylyň iň esasy duşuşygynda Ispaniýa bilen Argentina duşuşar. Olar dünýä futbolyndaky iki öňdebaryjy mekdebi — Latyn Amerikasy we Ýewropa futbol mekdeplerini wekilçilik edýärler. Oýun tilsimleri biri-birinden tapawutly bolsa-da, bu iki toparyň umumy ýörelgesi birdir: olar gödek fiziki güýjüň däl-de, futbol akyl-paýhasynyň we häsiýetiň üstünligini öňe sürýärler.

Spain vs France semifinal Dallas World Cup 2026 (1).jpg

FIFA-nyň eminlikdäki aşa erkin çemeleşmesi futboly tasdan regbi bilen erkin göreşiň garyndysyna öwürýärdi. Ýarym finalda bolsa olara dzýudodan täsirli aýakdan çalmaklar, egin hem-de baş üstünden zyňyşlar, üstesine-de ýapon sumosynyň agram çäklendirmeleri hasaba alynmazdan ulanylýan usullary hem goşuldy.

Emma bularyň ählisi aşakdaky ýaly ägirt şahsyýetleriň garşysynda täsirini ýitirýärdi: egilmejek erk-islegi bilen tapawutlanýan argentinaly Lionel Messi; ýaşyna görä juda parasatly oýny bilen haýran galdyrýan ispaniýaly Lamin Ýamal; goragçylaryň ýüregine howsala salýan reaktiw tizlige eýe fransuz Kilian Mbappe; hem-de «Ýarym goragyň generaly» diýen lakama eýe bolan iňlis Jude Bellingem.

Jude Bellingham celebration arms.jpg

Onuň gol geçirenden soň ellerini iki tarapa giň açyp görkezýän meşhur hereketini dünýäniň millionlarça çagasy öz halanýan oýunçysynyň yzyna düşüp gaýtalaýar. Uly ýaşly janköýerler bolsa Jud gol geçirende tutuş stadion bolup “The Beatles” toparynyň meşhur Hey, Jude» aýdymyny, sözlerini Bellingeme laýyklaşdyryp, bilelikde aýdýarlar. Bu aýdym onuň üçin münberleriň hakyky senasyna öwrüldi. Juduň özi bu barada şeýle diýdi: «Tutuş stadion aýak üstünde durup bu aýdymy aýdanda, bedenimiň endam-janym ülpüldäp gidýär».

Ine, indi bizi arzuw edilýän final garaşýar. Eminiň başlangyç jürlewügi bilen geçmişdäki ähli üstünlikler hem-de transfer bahalary öz ähmiýetini ýitirer. Meýdança iki ýygyndy çykar, olaryň düzüminde bolsa iki ägirt ýyldyz bolar — sport üçin eýýäm ýaşynyň soňky tapgyryna gelen Messi we heniz örän ýaş Ýamal.

заг (3).jpg

«Goý asmanda iki ýyldyz duşuşsyn — biri ýaşýan, beýlekisi bolsa dogýan.» Bu sözler hut olar hakda aýdylýar. Şol jümläniň içinde bolsa beýik futbolyň ebediliginiň formulasy jemlenendir.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Tema boýunça

Topuň we bütin dünýäniň töwereginde ýa-da DÇ-2026-nyň meýdançalarynda täze köppolýarly futbolyň beýany

Futbol regbiniň çägine golaýlaýarmy ýa-da millionlaryň söýýän oýnunyň gözelligi ýitip barýarmy?

Angliýa DÇ-2026-nyň finalyna barýan ýolda Mik Jaggeriň ýazgarmasyny bozup bilermi?

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýokary derejeli syýasy dialogy geçirildi

Brýusselde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” ýokary derejeli syýasy dialogy geçirildi

19:06 Iýul 18, 2026
DÇ-2026: Asmanda iki ýyldyz duşuşar – biri ýaşýan, beýlekisi dogýan

DÇ-2026: Asmanda iki ýyldyz duşuşar – biri ýaşýan, beýlekisi dogýan

19:01 Iýul 18, 2026
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyna howa zarbalary: 8 adam heläk boldy, 19 adam ýaralandy, Tähran raýat infrastrukturasyna edilen hüjümleri ýazgardy

ABŞ-nyň Eýranyň günortasyna howa zarbalary: 8 adam heläk boldy, 19 adam ýaralandy, Tähran raýat infrastrukturasyna edilen hüjümleri ýazgardy

17:30 Iýul 18, 2026