HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin emeli aňyň hemişe adamyň gözegçiliginde bolmagyna çagyrdy

Iýul 17, 2026 | 20:00 |1526
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 17-nji iýulda, Şanhaý şäherinde geçirilen Emeli aň boýunça 2026-njy ýylyň Bütindünýä maslahatynyň we Emeli aňyň ählumumy dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli maslahatyň açylyş dabarasynda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Başlyk Si Szinpin çykyşynda emeli aň bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere düşünmegiň möhümdigini nygtap, bu tehnologiýanyň howpsuzlygyny, ygtybarly dolandyrylyşyny we hemişe adamyň gözegçiliginde saklanmagyny üpjün etmäge çagyrdy.

«Emeli aň adamzat üçin ygtybarly gural bolmalydyr. Biz emeli aňyň döredip biljek içerki we ikinji derejeli töwekgelçilikleriniň dürli görnüşlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidiris. Howpsuzlyk ulgamyny pugtalandyrmak, nädogry we zyýanly ulanylyşyň öňüni almak, şeýle hem emeli aňyň hemişe adamyň gözegçiliginde bolmagyny üpjün etmek üçin kanunlary we kadalaşdyryjy namalary, tehnologik gözegçilik, irki duýduryş we adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket etmek ulgamlaryny döretmelidiris» diýip, Si Szinpin aýtdy.

Hytaýyň Başlygy şeýle hem ähli taraplary emeli aň ulgamynda milli howpsuzlyk düşünjesiniň aşa giňeldilmegine hem-de bir ýurduň howpsuzlygynyň beýleki ýurtlaryň howpsuzlygyndan ileri tutulmagyna garşy bilelikde çykyş etmäge çagyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026