HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yrak we Siriýa Ormuz bogazyndan aýlanyp geçýän Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisini dikeltmegi meýilleşdirýärler

Iýul 17, 2026 | 15:20 |358
Çeşme: orient.tm

Geosyýasy dartgynlyklar köplenç diňe deňizde däl, eýsem diplomatiýada we infrastrukturada hem alternatiw ýollary gözlemäge mejbur edýär. Dar bogaz dawa-jenjelleriň ýesirine öwrülende, öňki ugurlara dolanmak nebit akymyny saklap galmagyň ýeke-täk usuly bolup biler.

Ilkinji gezek 1952-nji ýylda gurlan nebit geçirijisini dikeltmek diňe bir inženerçilik taslamasy däl, eýsem sebitiň energetika kartasyny täzeden şekillendirmäge we her gün gapma-garşylyk bilen parahatçylygyň araçäginde duran suw ýollaryna bolan garaşlylygy azaltmaga gönükdirilen synanyşykdyr.

Amerikan resmisiniň sişenbe güni aýtmagyna görä, Yrak bilen Siriýa demirgazyk Yrakdan nebiti Siriýadaky Ortaýer deňziniň kenaryna daşamak üçin köp ýyllardan bäri ulanylmaýan nebit geçirijisini gaýtadan işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu taslama strategik taýdan Ormuz bogazyndan aýlanyp geçmäge mümkinçilik berer. 1952-nji ýylda gurlan bu nebit geçirijisi Yragyň demirgazygyndaky Kirkuk şäherinden Siriýanyň kenarýakasyndaky Baniýas şäherine çenli uzalýar.

Onuň umumy uzynlygy takmynan 800 kilometr bolup, günde 300 müň barrele çenli nebit geçirmäge ukyplydyr. Geçiriji eýran–yrak urşy hem-de Yrakdaky urş döwründe agyr zeper ýetdi we şondan bäri köp ýyllap ulanylmady. Maglumata eýe bolan çeşmeleriň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi we Siriýa hem-de Yrak boýunça ýörite wekili Tom Barrak geçirijini dikeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Yragyň we Siriýanyň resmileri, şeýle hem degişli amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirdi.

Habar berilişi ýaly, nebit geçirijisiniň sorujy stansiýalary we elektrik üpjünçiligi ulgamlary örän agyr ýagdaýda bolup, giň gerimli abatlaýyş işlerini talap eder. Bu işler iki ýyldan üç ýyla çenli wagt alyp biler.

Ormuz bogazy dünýäniň iň möhüm energetika “dar geçelgeleriniň” biridir. 28-nji fewralda Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylykly hereketler başlamazyndan öň, dünýä nebitiniň we gazynyň 20 göterimi şu bogazyň üsti bilen daşalýardy. Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisiniň gaýtadan işe girizilmegi Yraga eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge we ençeme gezek çaknyşyklaryň meýdanyna öwrülen bu bogaza bolan garaşlylygyny azaltmaga mümkinçilik berer. Geçirijini dikeltmek baradaky gepleşikler ABŞ-nyň işjeň goldawy bilen alnyp barylýar. ABŞ bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda “Chevron” ýaly amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşýar.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Yragyň Premýer-ministriniň ABŞ-nyň Prezidenti bilen Ak tamda geçiren duşuşygyndan soň, taslama barada resmi taýdan yglan edilmegine ýakyn günlerde garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň bäşinji güni

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyklaryň bäşinji güni

20:30 Iýul 17, 2026
Yrak we Siriýa Ormuz bogazyndan aýlanyp geçýän Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisini dikeltmegi meýilleşdirýärler

Yrak we Siriýa Ormuz bogazyndan aýlanyp geçýän Kirkuk–Baniýas nebit geçirijisini dikeltmegi meýilleşdirýärler

15:20 Iýul 17, 2026
Hytaý geliýniň eksportyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi

Hytaý geliýniň eksportyna wagtlaýyn gadaganlyk girizdi

15:00 Iýul 17, 2026