Stambulda çagalar we geljekki eneler üçin niýetlenen harytlaryň iň iri halkara sergisi geçiriler


2026-njy ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Stambul sergi merkezinde eneler, bäbekler we çagalar üçin niýetlenen harytlaryň 44-nji «CBME Türkiye» halkara sergisi geçiriler. Bu çäre sebitdäki iň iri we iň gadymy ýöriteleşdirilen sergileriň biri bolup, dünýäniň dürli künjeklerinden öndürijileri, satyn alyjylary hem-de pudak bilermenlerini bir ýere jemleýär.
35 ýyldan gowrak taryhy bolan sergi Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň, Balkanlaryň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň bazarlaryny birleşdirýän esasy söwda köprüsi hasaplanýar. Şu ýyl takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda 500-den gowrak öňdebaryjy brend öz täze önümlerini görkezer. Guramaçylar 120-den gowrak ýurtdan hünärmenleriň we iri satyn alyjylaryň gatnaşmagyna garaşýarlar.
Sergide şu ugurlar boýunça önümler görkeziler:
• täze doglan bäbekler we uly ýaşly çagalar üçin egin-eşikler we aýakgaplar;
• göwreli zenanlar we ýaş eneler üçin harytlar;
• çaga iýmitleri we ideg serişdeleri;
• oýnawaçlar, welosipedler we çaga arabalary;
• çaga mebelleri we öý dokma önümleri.
«CBME Türkiye» sergisi kompaniýalar we telekeçiler üçin öz önümlerini giň halkara köpçüligine tanyşdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlary tapmaga we täze bazarlara çykmaga uly mümkinçilik döredýär.
Sergä gelýän myhmanlar we pudak hünärmenleri bolsa indiki ýylyň esasy ugurlary bilen ilkinji bolup tanyşyp, çagalaryň howpsuzlygy boýunça innowasion tehnologiýalary görüp hem-de öndürijilerden göni iň gowy önümleri saýlap bilerler.
Çäräniň maksatnamasy we hasaba alyş barada giňişleýin maglumat resmi internet sahypasynda elýeterlidir: https://www.cbmeturkiye.com.tr.
ORIENT




