HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Iýul 16, 2026 | 17:00 |943
Çeşme: orient.tm

Sanly dünýä häzirki durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, emma onuň gözegçiliksiz ulanylmagy ene-atalaryň we döwlet edaralarynyň arasynda barha köp alada döredýär. Gijeki wagtlar ýetginjekleriň tükeniksiz mazmun akymyna has ejiz düşýän döwri bolup, bu ýagdaý olaryň ukusyna zyýan ýetirip, psihologik saglygyna täsir edip biler.

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 18 ýaşyna ýetmedikler üçin sanly «komendant sagadyny» girizmek bilen bu meselä goşulmak kararyna geldiler. Bu ýaşlaryň özbaşdaklygyny çäklendirmek däl-de, eýsem ünsüni mümkin boldugyça uzak saklamak üçin döredilen algoritmleriň täsirinden ösüp barýan psihikany goramaga gönükdirilen synanyşyk hökmünde düşündirilýär.

Sişenbe güni Beýik Britaniýanyň Hökümeti 16 we 17 ýaşly ýetginjekleriň sosial ulgamlary ulanmagyna gije sagat 00:00-dan başlap çäklendirme giriziljekdigini mälim etdi. Täze çäklendirme Hökümetiň iýun aýynda 16 ýaşdan kiçi adamlaryň birnäçe sosial ulgam programmalaryny ulanmagyny gadagan etmek baradaky beýanyndan soň girizilýär.

Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň maglumatyna görä, adaty ýagdaýda 16 we 17 ýaşly ulanyjylara gije 00:00-dan irden sagat 06:00-a çenli sosial ulgamlardan peýdalanmak gadagan ediler. Mundan başga-da, ulanyjylary platformalarda has köp wagt geçirmäge höweslendirýän aýratynlyklar, şol sanda wideolaryň awtomatiki üznüksiz görkezilmegi we şahsylaşdyrylan mazmun teklipleri hem başlangyç ýagdaýda öçüriler.

Hökümet häzirlikçe haýsy sosial ulgam platformalarynyň bu gadagançylyga degişli boljakdygyny anyklaşdyrmady. Beýik Britaniýanyň ylym, innowasiýa we tehnologiýalar boýunça ministri Liz Kendall beýanynda 16 ýaşa ýetenden soň ýetginjekleriň has uly özbaşdaklyga eýe bolýandyklaryny, emma muňa garamazdan, olaryň fiziki we psihologik saglygyna zyýan ýetirip biljek, güýçli endik döredýän onlaýn aýratynlyklaryň ýaramaz täsirlerinden goralmalydygyny aýtdy. Kanun taslamasyny 2026-njy ýylyň ahyryna çenli parlamentiň garamagyna hödürlemek meýilleşdirilýär. Degişli çäreleriň bolsa 2027-nji ýylyň ýazynda güýje girizilmegine garaşylýar.

Beýik Britaniýa çagalary internetde goramak boýunça has giň strategiýanyň çäginde sosial ulgamlary düzgünleşdirmegi güýçlendirýär. Aprel aýynda Hökümet 16 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny gadagan etmek baradaky meýilnamalaryny yglan edipdi, indi bolsa çäklendirmeleri uly ýaşly ýetginjeklere hem giňeldýär. Tankytçylar şeýle gadagançylygyň netijeliliginiň platformalaryň täze düzgünleri berjaý etmäge taýýarlygyna we ulanyjylaryň ýaşyny tehniki taýdan anyklamak mümkinçiligine bagly boljakdygyny belleýärler.

“CCTV+”-iň habar bermegine görä, ýakyn aýlarda kanun taslamasynyň parlamentde we jemgyýetçiligiň arasynda gyzgalaňly çekişmelere sebäp bolmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026