HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Iýul 16, 2026 | 14:00 |5870
Çeşme: orient.tm

Iki ýurduň liderleri tehnologiýalaryň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasynda duşuşanda, bu resmi protokolyň çäklerinden çykýar. Şeýle saparlar diňe döwletleriň arasynda däl, eýsem nesilleriň, ylmyň we amalyýetiň arasynda hem köpri döredýär. Gazagystanyň dünýäniň iň iri emeli aň maslahatlarynyň birine gatnaşmagy sanly geljegiň serhetleri tanamaýandygyny we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýändigini görkezýär.

Çarşenbe güni Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Emeli aň boýunça Bütindünýä maslahatyna we 2026-njy ýylyň emeli aňy dünýä derejesinde dolandyrmak boýunça ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy. Çäre 17–20-nji iýul aralygynda Şanhaýda geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin açylyş dabarasyna gatnaşar we maksatnamalaýyn çykyş eder. Hytaýyň daşary işler ministri Wan Iniň sözlerine görä, Kasym-Žomart Tokaýewiň Hytaýda bolýan döwründe iki ýurduň döwlet Baştutanlary çuňlaşdyrylan strategiki gepleşikleri geçirerler.

Emeli aň boýunça Bütindünýä maslahaty (WAIC) 2018-nji ýyldan bäri Şanhaýda geçirilýär we şu wagta çenli emeli aňyň ösüşi, ahlak kadalary hem-de halkara düzgünleşdirme meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň iň iri meýdançalarynyň birine öwrüldi. Bu ýylky maslahata ilkinji gezek emeli aňy dünýä derejesinde dolandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen sessiýa geçirilýär.

Bu bolsa ýurtlaryň geljegiň tehnologiýalary üçin umumy düzgünleri bilelikde işläp taýýarlamaga bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Sanly ykdysadyýeti işjeň ösdürýän Gazagystan Emeli aň boýunça Bütindünýä maslahatyna ýokary derejede gatnaşýar.

“CCTV+”-iň habar bermegine görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň bu sapary Astananyň Hytaý bilen tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we emeli aňy dünýä derejesinde dolandyrmak boýunça ählumumy proseslere goşulyşmaga ymtylýandygyny görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026