HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

Iýul 15, 2026 | 18:00 |1089
Çeşme: orient.tm

Ýakyn Gündogarda gije ýene-de partlamalaryň sesine beslendi. Ýakynda amala aşyrylan diplomatik tagallalara garamazdan, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk täze tapgyra geçdi. ABŞ-nyň Eýranyň günorta welaýatlaryna beren zarbalaryna jogap hökmünde Eýran ABŞ-nyň ýaranlarynyň harby bazalaryna hüjüm etdi. Dünýäde daşalýan nebitiň takmynan bäşden bir bölegi geçýän Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy hem täzeden dikeldildi.

Eýranyň IRIB döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, sişenbe gijesi ABŞ-nyň Eýrana garşy täze zarbalary yglan etmeginden soň, ýurduň Hormozgan we Huzestan welaýatlarynda birnäçe güýçli partlama boldy.

Hormozgan welaýatynyň Bandar-Abbas port şäheriniň günbatarynda alty partlamanyň sesi eşidildi. Huzestan welaýatynyň merkezi bolan Ahwaz şäheri hem ABŞ-nyň ok-därileri bilen atylyp, hüjüme sezewar edildi.

Mehr ýarym resmi habarlar agentligi bolsa sişenbe agşam ABŞ-nyň Hormozgan welaýatynyň Sirik etrabyna howa zarbalaryny urandygyny, emma bu hüjümleriň adam pidalaryna ýa-da maddy zyýana getirmändigini habar berdi. Şeýle hem Hormozgan welaýatyndaky Keşm adasynyň golaýynda üç partlama hasaba alyndy.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi sişenbe güni öz güýçleriniň Ormuz bogazynda söwda gämi gatnawlaryna hüjüm etmek üçin ulanylýan Eýranyň mümkinçiliklerini gowşatmak maksady bilen täze zarbalar tapgyryna başlandygyny mälim etdi.

Bu harby amal Ormuz bogazyndaky deňiz gabawynyň täzeden başlanmagynyň öňüsyrasynda geçirildi.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň beýanatynda: «Şu gün gündogar wagty bilen sagat 16:00-dan başlap, ABŞ-nyň güýçleri Eýranyň portlaryna we kenarýaka sebitlerine barýan hem-de ol ýerlerden çykýan gämilere garşy deňiz gabawyny täzeden ýola goýdy» diýilýär.

Şeýle hem ABŞ häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň 20-den gowrak harby gämisiniň we ýüzlerçe harby uçarynyň hereket edýändigini, amerikan güýçleriniň ýokary taýýarlyk ýagdaýynda galýandygyny mälim etdi.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy (YRGK) sişenbe güni ýaýradan beýanatynda öz harby howa we deňiz güýçleriniň şol günüň dowamynda ABŞ tarapyndan amala aşyrylan hüjümlere jogap hökmünde Bahreýn we Kuweýtdäki amerikan harby bazalaryna zarba urandygyny habar berdi.

Beýanata görä, raketalar we uçarmansyz uçýan enjamlar arkaly geçirilen bilelikdäki amalyň dowamynda Bahreýndäki Şeýh Isa howa bazasyndaky amerikan ýarag ammarlary, käbir gämiler we dikuçarlar nyşana alnyp ýok edildi.

YRGK Kuweýtdäki Ali al-Salem howa bazasyna hem zarba urulandygyny we birnäçe amerikan MQ-9 Reaper uçarmansyz uçarynyň ýok edilendigini ýa-da zeper ýetirilendigini mälim etdi.

Eýranyň harby ýolbaşçylygy bu hüjümleriň ABŞ-nyň sişenbe güni Eýranyň kenarýaka harby desgalaryna beren zarbalaryna jogap bolandygyny aýtdy.

YRGK ABŞ «jenaýatçylykly hereketlerini» dowam etdirýänçä jogap çäreleriniň hem dowam etjekdigini, amerikan tarapynyň islendik hüjüminiň «garaşylmadyk jogaplar» bilen garşy alynjakdygyny duýdurdy.

Soňky wakalar ABŞ bilen Eýranyň arasynda Ormuz bogazyna gözegçilik etmek ugrunda birnäçe gün bäri dowam edýän dartgynlylygyň fonunda bolup geçdi. Bu ýagdaý, iýun aýynyň ortalarynda gol çekilen we taraplaryň 60 günüň dowamynda gutarnykly ylalaşyga gelmek üçin gepleşiklere başlamagyny göz öňünde tutýan parahatçylyk hakyndaky özara düşünişmek baradaky ähtnama garamazdan ýüze çykdy.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, ýagdaýyň ýitileşmegi dowam edýär we Ýakyn Gündogar sebiti ýene-de giň gerimli harby garşylyga golaýlaşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň nobatdaky tapgyry: howa zarbalary, adam pidalary we diplomatik dialogyň togtadylmagy

19:00 Iýul 16, 2026
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 we 17 ýaşly ýetginjekler üçin sosial ulgamlarda gijeki çäklendirme girizýär

17:00 Iýul 16, 2026
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew emeli aň boýunça maslahata gatnaşmak üçin Şanhaýa bardy

14:00 Iýul 16, 2026