Barlag: maý we iýun aýlaryndaky iki yssy tolkun Angliýada we Uelsde takmynan 2700 adamyň ölüminiň sebäbi boldy
Howanyň üýtgemegi indi geljekde garaşylýan howp däl, onuň täsirleri eýýäm adatdan daşary yssy howa görnüşinde duýulýar we adam pidalaryna getirýär. Beýik Britaniýada bolup geçen iki yssy tolkun hatda mylaýym howa şertli ýurtlaryň hem howply temperaturadan goralmaýandygyny görkezdi. Britaniýaly alymlar bu tebigy hadysalaryň takmynan 2700 adamyň ölümine sebäp bolandygyny hasapladylar. Degişli çäreler görülmese, bu görkezijiniň has-da artmagynyň mümkindigini bellenilýär.
Duşenbe güni Beýik Britaniýada çap edilen ylmy barlaga görä, maý we iýun aýlarynda bolup geçen iki yssy tolkun Angliýada we Uelsde takmynan 2700 adamyň ölümine sebäp boldy.
Barlag Londonyň Imperiýa kollejiniň, Beýik Britaniýanyň Meteorologiýa gullugynyň hem-de London Gigiýena we Tropiki lukmançylyk mekdebiniň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Alymlar Angliýa we Uels boýunça iki adatdan daşary yssy döwürde howa bilen baglanyşykly ölümleri çaklamak üçin taryhy ölüm görkezijilerini seljerdiler.
Londonyň Imperiýa kollejiniň aşa howa hadysalary we howanyň üýtgemegi boýunça ylmy işgäri Kler Barnsyň sözlerine görä, barlagyň netijeleri Beýik Britaniýanyň häzirki wagtda hakykatdan hem howply yssy howa bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýän çynlakaý duýduryşdyr.
Barlag adam işjeňliginiň netijesinde ýüze çykýan howanyň üýtgemeginiň yssy tolkunlary ep-esli güýçlendirendigini we munuň ölüm howpuny ýokarlandyrandygyny görkezdi. Barns häzirki temperaturanyň diňe bir garry adamlar ýa-da dowamly keselli raýatlar üçin däl, eýsem ilatyň ähli gatlaklarynyň saglygy üçin hem hakyky howp döredýändigini belledi.
Maý we iýun aýlarynda Beýik Britaniýada hasaba alnan yssy tolkunlar soňky ýyllaryň iň güýçlüleriniň biri boldy. Käbir sebitlerde howanyň temperaturasy 30 gradus Selsiden hem geçdi, bu bolsa britan howasy üçin adaty däl ýagdaý hasaplanýar.
Alymlar parnik gazlarynyň zyňyndylary netijesinde emele gelýän howanyň üýtgemeginiň şeýle adatdan daşary howa hadysalarynyň barha ýygy-ýygydan we has güýçli bolmagyna getirýändigini belleýärler. Beýik Britaniýanyň Meteorologiýa gullugy ozal 2050-nji ýyla çenli şeýle yssy tomuslaryň adaty ýagdaýa öwrülip biljekdigini we yssy bilen baglanyşykly ölüm ýagdaýlarynyň artjakdygyny duýdurypdy.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, hünärmenler hökümeti täze howa şertlerine uýgunlaşmak maksady bilen infrastruktura we saglygy goraýyş ulgamyny tiz depginde kämilleşdirmäge çagyrýarlar.





