CARAVAN taslamasynyň media bilermeni bilen söhbetdeşlik: Emeli aň döwründe žurnalistler üçin 7 maslahat


ORIENT üçin geçirilen gysga söhbetdeşlikde media bilermeni Marat Sadykow emeli aňyň mümkinçilikleri, häzirki zaman sanly gurallar we täze tehnologik şertlerde žurnalistlere zerur bolan başarnyklar barada gürrüň berdi.
Häzirki wagtda her bir žurnalistiň telefonunda hökman bolmaly programma ýa-da sanly gural haýsy?
Islendik LLM-modeli (adamyň soraglaryna düşünýän, tekstler bilen işlemäge, pikir tapmaga we maglumatlary seljermäge kömek edýän emeli aň modeli).
Suratlary janlandyrmak we häzirki zaman wideo materiallaryny döretmek üçin haýsy emeli aň gurallary has netijeli?
Omni, Kling AI, Seedance 2.0, Grok.
Media mazmuny üçin gepleşikleri terjime etmekde we sintezlenen ses döretmekde häzirki wagtda haýsy emeli aň gurallary has peýdalydyr?
Google AI Studio: “waýb-kodlaýjy” transkribator.
Emeli aň döwründe häzirki zaman žurnalistiň zerurlygyny saklamak üçin ösdürmeli esasy başarnygy näme?
Bilesigelijilik — synap görmek we işde nämäni peýdalanyp boljakdygyna düşünmek.
Tekstiň emeli aň tarapyndan döredilendigini nädip anyklap bolýar? Muny görkezýän esasy alamatlar haýsylar?
Bu örän kyn diýen ýaly. (Ýöne käbir alamatlar bolýar.) Köplenç beýle tekst aşa kämilleşdirilen, duýgulardan mahrum bolýar.
Häzirki wagtda emeli aň adam üçin nähili esasy howp döredip biler?
Žurnalistika barada aýdanymyzda, käbir hünär meselelerinde adamyň ornunyň peselmek howpy bar. Ýagny žurnalist özüni ösdürmese we täze başarnyklary öwrenmese, bu ýagdaý ýüze çykyp biler.
Eger häzirki zaman žurnalistiniň diňe bir “jadyly ukyby” bolan bolsa, siz onuň üçin haýsy başarnygy ýa-da häsiýeti saýlardyňyz?
Hakykaty we meseläniň özenini görüp bilmek.
Marat Sadykow — CARAVAN taslamasynyň media bilermeni, multimedia prodýuseri.
CARAVAN taslamasy barada:
Taslama Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirildi. Ol ygtybarly we jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli mazmuny döretmäge, tankydy pikirlenmäni ösdürmäge, Merkezi Aziýanyň žurnalistleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de çalt depginler bilen ösýän sanly özgerişler döwründe media gurşawynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
ORIENT






