Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler


Ýaponiýaly hünärmenler dünýä stomatologiýasyny düýpgöter üýtgedip biljek möhüm ylmy üstünlige ýetdiler. Alymlar geljekde adamlara ýitirilen dişlerini tebigy ýol bilen täzeden ösdürmäge mümkinçilik berip biljek täsin dermanyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamladylar.
Meýletin gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji synaglar innowasion usulyň doly howpsuzdygyny görkezdi. Barlagyň dowamynda hiç hili düýpli ýaramaz täsirler hasaba alynmady.
TRG-035 diýen iş ady bilen tanalýan derman Osakadaky Kitano lukmançylyk barlag instituty bilen Kioto uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi. Onuň täsiri adam bedenindäki "uky ýagdaýynda" bolan diş başlangyçlarynyň ösmegini basyp ýatyrýan aýratyn belogy wagtlaýyn böwetlemäge esaslanýar.
Şol biologik päsgelçilik wagtlaýyn aýrylanda, täze diş dokumasynyň emele gelmeginiň tebigy mehanizmi işjeňleşýär. Bu tehnologiýa mundan ozal barlaghana haýwanlarynda geçirilen synaglarda hem ýokary netijeliligini görkezdi.
Adamlarda geçirilen ilkinji kliniki synag Kioto uniwersitetiniň hassahanasynda amala aşyryldy. Oňa azyndan bir azy dişi ýetmeýän 30 erkek adam gatnaşdy.
Indi taslamanyň awtorlary indiki tapgyra — dogabitdi diş ýetmezçiligi (anodontiýa) bolan 2 ýaşdan 7 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagynda geçiriljek giňeldilen kliniki synaglara taýýarlanýarlar.
Kliniki synaglaryň indiki tapgyrlary hem üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, bu dermanyň 2030-njy ýyla çenli dünýä bazaryna çykarylmagyna garaşylýar. Şeýle bolsa, ol dünýäniň millionlarça adamy üçin implantasiýa we protez goýmak ýaly çylşyrymly bejergilere agyrysyz hem-de tebigy alternatiwa bolup biler.
ORIENT





