HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Iýul 15, 2026 | 13:00 |888
Çeşme: orient.tm

Tebigatyň ýangynly gazaby möwç alanda, hatda ýüzlerçe ýyllyk tokaýlar hem-de adamlaryň adaty durmuşy hem uly howp astynda galýar. Fransiýa Pariž sebitiniň taryhyndaky iň uly tokaý ýangynlarynyň biri bilen göreşýär, emma tebigy betbagtçylyk henizem gözegçilik astyna alynmady.

Sişenbe güni Parižiň günortasynda ýerleşýän meşhur Fontenblo tokaýynda dowam edýän giň gerimli tokaý ýangyny 2 müň gektardan gowrak meýdany ýakyp kül etdi. Güýçli yssy howa we şemalyň batly öwüsmegi halas ediş gulluklarynyň işini has-da kynlaşdyrýar. Sena-et-Marn departamentinde, paýtagtdan takmynan 70 kilometr uzaklykda ýerleşýän tokaýyň üstüne goýy tüsse galýar. Şol bir wagtyň özünde, taryhy Fontenblo şäheriniň golaýynda ýangynyň täze ojagy ýüze çykaryldy, bu bolsa ýerli ilatyň aladasyny artdyrdy.

Ýerli ýaşaýjy Kristin: «Ot ýangynynyň Fontenblonyň çetine çenli ýetip biljekdigi baradaky pikir örän gorkunç. Şeýle-de yssy howanyň özi hem agyr, indi bolsa ýagdaý has-da kynlaşdy. Muny başdan geçirmek islemeýäris» diýip belledi.

Ýangyny söndürmek işleri ýerden we howadan utgaşykly alnyp barylýar. Suw sepýän uçarlar hem-de dikuçarlar nobatma-nobat uçuşlary amala aşyrýarlar. Pariž sebitinde görlüp-eşidilmedik derejede giň gerimli amallar geçirilip, oňa takmynan 800 sany ýangyn söndüriji gatnaşýar.

Sena-et-Marn departamentiniň prefekti Pýer Ori howa şertleriniň işi çylşyrymlaşdyrýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ugruny ýygy-ýygydan üýtgedýän we tizligi sagatda 50 kilometrden geçýän şemal alawy ýaýradyp, ýangyny gözegçilik astyna almagy kynlaşdyrýar.

Ýangynyň golaýynda ýaşaýan ilat üçin resmi ewakuasiýa yglan edilmese-de, köp ýaşaýjy zerur bolan ýagdaýynda öýlerini dessine terk etmäge taýýardygyny aýdýar.

Suazi-sýur-Ekol şäherçesiniň ýaşaýjysy Fernando: «Ähli adamlar ýaly biz hem öýümizi ýitirmek islemeýäris. Şonuň üçin iň soňky pursada çenli garaşarys, ýöne ýagdaý örän kyn» diýdi.

Şol bir wagtyň özünde beýleki birnäçe kommunada ýüzlerçe adam eýýäm howpsuz ýerlere göçürildi, sebäbi ýangyn ýaşaýyş ýerlerine howply derejede golaýlady. Aşer-la-For şäherçesiniň häkimliginiň binasy wagtlaýyn gaçybatalga öwrüldi.

Şäheriň häkimi Wanessa Piliň aýtmagyna görä, tokaý ýangynynyň ýolunda ýerleşen öýler uly howp astynda bolansoň, 400 adam ewakuasiýa edildi. Aşer, Le Wodu we Nuazi kommunalarynyň tokaýa ýanaşyk ýerleri has köp zyýan çekdi.

Fransiýanyň beýleki sebitlerinde hem tokaý ýangynlary dowam edýär. Içeri işler ministri Loran Nunýes duşenbe güni agşam ýurt boýunça 59 adamyň saklanandygyny, şolaryň ikisiniň Fontenblo ýangyny bilen baglanyşykly bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk sebäpli ot goýmakda güman edilýändigini habar berdi.

Takmynan 25 müň gektar meýdany eýeleýän Fontenblo tokaýy Fransiýanyň iň uly we iň meşhur tokaýlarynyň biridir. Ol parižlileriň we syýahatçylaryň söýgüli dynç alyş ýerleriniň biri hasaplanýar. Tomusky yssy döwründe başlanan bu ýangyn soňky onýyllyklaryň dowamynda sebitde bolup geçen iň agyr tebigy betbagtçylyklaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýokary temperatura we gurak şemal oduň çalt ýaýramagyna sebäp bolýar.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, halas ediş gulluklary ýangyny söndürmek boýunça göreşi dowam etdirýär, häkimiýetler bolsa ýaşaýjylary ähli howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmäge çagyrýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

13:00 Iýul 15, 2026
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026