Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty Ýüpek ýolunyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça giň gerimli taslamany işe girizdi


Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) Medeniýet instituty (ECI) «ECO agza döwletlerinde maddy däl medeni mirasy goramak maksady bilen sebit hyzmatdaşlygy» atly halkara seminarlar tapgyryna badalga berdi. Taslama sebitiň baý däp-dessurlaryny we ýaşaýan medeni mirasyny goramak ugrunda bilermenleriň, alymlaryň hem-de tejribeli hünärmenleriň tagallalaryny birleşdirmegi maksat edinýär.
Institutyň ýerine ýetiriji direktory Mehrdad Rahşandeh çykyşynda häzirki döwürde maddy däl medeni mirasyň durnukly ösüş, jemgyýetçilik jebisligi we medeni diplomatiýa üçin iň möhüm serişdeleriň biridigini belledi. Ol şeýle gymmatlyklary goramagyň diňe geçmişi saklap galmak synanyşygy däl-de, eýsem geljege gönükdirilen göni maýa goýumydygyny aýratyn nygtady.
Taslamanyň ilkinji mejlisiniň dowamynda sebitiň dürli ýurtlaryndan gelen bilermenler, şol sanda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri, Ýüpek ýolunyň taryhy medeni alyş-çalyşyň möhüm geçelgesi hökmünde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Simpoziuma gatnaşyjylar tejribe alyşmagy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de geljek nesiller üçin özboluşly medeni dürlüligi gorap saklamak maksady bilen edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdylar.
ORIENT








