HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

Iýul 14, 2026 | 18:36 |6199
2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» sammitiniň öňüsyrasynda Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde özboluşly medeni çäre taýýarlanylýar. 16-njy iýulda Milli Aziýa medeniýet merkeziniň (ACC) sahnasynda «Ariran Ýüpek ýoluny garşy alýar» atly ýörite konsert geçiriler2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» sammitiniň öňüsyrasynda Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde özboluşly medeni çäre taýýarlanylýar. 16-njy iýulda Milli Aziýa medeniýet merkeziniň (ACC) sahnasynda «Ariran Ýüpek ýoluny garşy alýar» atly ýörite konsert geçiriler
Çeşme: Gwangju Times

2026-njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhy «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» sammitiniň öňüsyrasynda Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde özboluşly medeni çäre taýýarlanylýar. 16-njy iýulda Milli Aziýa medeniýet merkeziniň (ACC) sahnasynda «Ariran Ýüpek ýoluny garşy alýar» atly ýörite konsert geçiriler.

Agşamyň iň esasy aýratynlygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hem-de Koreýanyň resmi däl senasy hasaplanýan meşhur halk aýdymy «Ariranyň» täzeçe ýaňlanmagy bolar. Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden gelen milli saz sungatynyň ussatlary bu ajaýyp eseri özboluşly milli äheňde ýerine ýetirerler.

Her bir ýurda taryhy taýdan emele gelen aýratyn sebit nusgasy ynanyldy:

Türkmenistan - joşgunly «Mirýan Arirany» ýerine ýetirer;

Gazagystan - çuňňur duýgulara baý «Jindo Arirany» hödürlär;

Özbegistan - näzik «Heju Arirany» ýerine ýetirer;

Gyrgyzystan - nusgawy «Kýongi Arirany» aýdar;

Täjigistan - many-mazmunly «Çonson Arirany» ýerine ýetirer.

arirang-meets-silk-road-korea-central-asia-concert-2026 (2).jpg

Merkezi Aziýanyň sazandalarynyň bu taslama gatnaşmagy çuň taryhy many-mazmuna eýedir. Takmynan ýüz ýyl mundan ozal «Ariran» Merkezi Aziýa sürgün edilen koreýlilere (korýo-saramlara) ata Watany bilen ruhy baglanyşygyny saklamaga kömek edipdi. Olar täze mekanda ýerli halklaryň myhmansöýerligi bilen garşylanyp, täze durmuşa uýgunlaşypdylar. Häzirki wagtda bolsa bu aýdym nesiller geçenden soň Koreýa Merkezi Aziýanyň milli saz gurallarynyň we aýdym-saz däpleriniň öwüşgini bilen baýlaşdyrylan görnüşde dolanyp barýar.

ACC-niň direktory Kim San-ugyň belleýşi ýaly, bir wagtlar watandan aýra düşen adamlaryň hasratyny beýan eden «Ariran» häzirki döwürde Koreýa bilen Merkezi Aziýany berk dostlukly gatnaşyklary arkaly birleşdirýän parahatçylygyň we bilelikde ýaşamagyň aýdymy bolup ýaňlanýar.

arirang-meets-silk-road-korea-central-asia-concert-2026 (3).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026