Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin taslamasy işe girizilýär

Iýul 14, 2026 | 17:20 |2550
Aşgabatda «Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini sebitleýin derejesinde azaltmak ulgamyny pugtalandyrmak» atly iri maksatnamanyň milli düzümi boýunça işler başlandyAşgabatda «Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini sebitleýin derejesinde azaltmak ulgamyny pugtalandyrmak» atly iri maksatnamanyň milli düzümi boýunça işler başlandy
Çeşme: BMGÖM

Aşgabatda «Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini sebitleýin derejesinde azaltmak ulgamyny pugtalandyrmak» atly iri maksatnamanyň milli düzümi boýunça işler başlandy. Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisini öz içine aljak bu başlangyç Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär (takmynan 4,9 million ABŞ dollary möçberinde serişde bölünip berildi), taslamanyň ýerine ýetirijisi hökmünde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) çykyş edýär.

turkmenistan-undp-disaster-risk-reduction-japan (2).JPG

Tebigy betbagtçylyklar döwlet serhetlerini tanamaýar, şonuň üçin olara taýýarlygy bilelikde alyp barmak has netijelidir. Taslama goňşy döwletleriň halas ediş edaralarynyň arasynda Almatydaky utgaşdyryjy merkez arkaly göni aragatnaşygy ýola goýmagy maksat edinýär. Bu bolsa hünärmenlere maglumatlary has çalt alyşmaga we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda bilelikdäki türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berer.

turkmenistan-undp-disaster-risk-reduction-japan (3).JPG

Türkmenistan üçin maksatnama anyk amaly çäreleri hem öz içine alýar. Hususan-da, Aşgabatdaky mekdepleriň birinde ýer titremeleri barada irki duýduryş ulgamynyň synag görnüşinde ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ädim seýsmologlar bilen ýurduň Goranmak ministrliginiň raýat goranyşy boýunça düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem geljekde beýleki desgalarda hem ulanyp boljak habardar ediş ulgamynyň iş modelini synagdan geçirmäge kömek eder.

turkmenistan-undp-disaster-risk-reduction-japan (4).JPG

Başlangyjyň işe girizilmegi Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen tegelek stolda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň 16 ministrliginiň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de Ýaponiýanyň ilçisi Sasaki Hiroşi bu tagallalaryň esasy maksadynyň adamlaryň ömrüni goramakdan we Merkezi Aziýanyň ýerli jemgyýetlerine islendik tebigy howplara wagtynda hem-de dogry jogap bermäge kömek etmekden ybaratdygyny nygtadylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026