Aşgabat bilen Astana atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlar


Astanadaky “Argymak” atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Rustam Baýalyýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamany taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Resminama iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak, sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek we geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri öz içine alar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, taryhy däpleriň we atçylyk mirasynyň umumylygy iki döwlete Merkezi Aziýanyň atçylyk sportuny dünýä derejesinde has netijeli ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Batyr Rejepow Rustam Baýalyýewe hormatly myhman hökmünde Atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine gatnaşmak üçin resmi çakylygy gowşurdy. Bu halkara çäre 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Kronenberg şäherinde (Niderlandlar Patyşalygy) geçiriler.







