Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda Ormuz bogazy boýunça haýbat atyşmalar dowam edýär; Tramp ýüklere 20 göterim paç girizdi
Iki döwlet dünýä nebitiniň bäşden bir bölegi geçýän dar deňiz geçelgesinde biri-birine garşy gelende, ýagdaýyň ähmiýeti has-da artýar. Eýran bu bogazdaky özygtyýarlylygyny beýan edýär hem-de ony güýç ulanyp goramaga taýýardygyny aýdýar, ABŞ bolsa täze paçlary girizmek we gabawy güýçlendirmek baradaky haýbatlary bilen jogap berýär. Bu ýerde edilen her bir beýanat diňe bir syýasy çykyş bolman, eýsem islendik ýalňyşlygyň dünýä ykdysadyýetinde uly sarsgyny döredip biljek geosyýasy «partlaýjy meýdanyndaky» ädimdir.
Duşenbe güni Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdelik edarasy — «Hatam al-Anbiýa» ştaby ABŞ-nyň Ormuz bogazynyň dolandyrylyşyna gatyşmagyna ýol berilmejekdigini mälim etdi. Ştabyň metbugat sekretary Ibrahim Zolfagari eýran köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilen wideo ýüzlenmesinde «ABŞ-nyň hatarlylygy» sebitiň howpsuzlygyna, halkara söwdasyna we nebit tankerleriniň gatnawyna çynlakaý howp salandygyny aýtdy.
«Biz hiç haçan we hiç hili ýagdaýda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Ormuz bogazynyň dolandyrylyşyna gatyşmaga ýol bermeris» diýip, Zolfagari aýtdy we Eýranyň ýaragly güýçleriniň degişli jogap çärelerini görmäge hemişe taýýardygyny belledi.
Ol sebit ýurtlaryna ýüzlenip, Eýranyň ABŞ bilen islendik hyzmatdaşlygy, şeýle hem amerikan goşunyna maddy-tehniki goldaw berilmegini ýurduň milli özygtyýarlylygyna we howpsuzlygyna garşy uruş hereketi hökmünde kabul edýändigini duýdurdy. Şeýle-de ol uruş giňelse, onuň netijeleriniň «sebitiň ähli ýurtlaryna» täsir etjekdigini aýtdy.
Mundan başga-da, Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusynyň wekili Hosseýn Mohebbi ABŞ-ny Ormuz bogazynyň işlerine gatyşmak arkaly dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyna howp salmakda aýyplady.
«Biz Ormuz bogazyndaky özygtyýarlylygymyzy we gözegçiligimizi güýç arkaly amala aşyrmagy dowam etdireris hem-de daşary ýurtlylary we olaryň ýaranlaryny eýran halkynyň erkiniň öňünde boýun egmäge mejbur ederis» diýip, ol aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy gabawy gaýtadan ýola goýýandygyny, şeýle hem eýran gämileriniň bogaza girmeginiň we ondan çykmagynyň öňüniň alynjakdygyny mälim etdi.
Tramp Truth Social sosial ulgamyndaky ýazgysynda ABŞ-nyň Ormuz bogazynyň «goragçysy» boljakdygyny, şeýle hem bu suw ýolundan daşalýan ähli ýüklere 20 göterim möçberinde paç girizjekdigini aýtdy we muny «adalatlylyk meselesi» diýip häsiýetlendirdi.
Ormuz bogazy strategik ähmiýetli deňiz ýoludyr. Onuň üsti bilen her gün dünýäniň nebit üpjünçiliginiň takmynan 20 göterimi daşalýar. Ormuz bogazyna gözegçilik etmek meselesi boýunça ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlylyk Eýranyň ozal bogazy ýapmagyndan we ABŞ-nyň eýran infrastrukturasyna birnäçe howa zarbalaryny urmagyndan soň has-da güýçlendi.
Trampyň girizen 20 göterim paçy deňi-taýy bolmadyk ädim bolup, ol dünýäde energiýa çeşmeleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirip biler. CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, bilermenler Ormuz bogazyndaky ýagdaýyň has-da dartgynlaşmagynyň dünýä ykdysadyýeti üçin çynlakaý netijelere getirip biljekdigini duýdurýarlar.




