Türkmenistanyň ýaş zehinleri Singapurda geçirilen «Copernicus Olympiad»-da Watanymyza mynasyp wekilçilik etdiler


2026-njy ýylyň 22–27-nji iýuny aralygynda Singapurda «Matematika» ugry boýunça 7-nji halkara «Copernicus Olympiad» olimpiadasynyň global tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary ilkinji gezek bu abraýly halkara bäsleşigine gatnaşyp, 13-den gowrak ýurtdan gelen zehinli ýaşlaryň arasynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýurdumyzyň topary ilkinji gatnaşygynyň özünde 6 medal gazandy: 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal.
«Copernicus Olympiad» – bu mekdep okuwçylarynyň bilimini, logiki pikirlenişini, çalt çözgüt tapmak ukybyny hem-de ýokary derejeli meseleleri çözmek başarnygyny görkezýän halkara intellektual bäsleşikdir.

Mary şäherindäki «Belent Bilim» bilim merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa aýratyn üstünlik gazanyp, altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol 5-nji kategoriýada Absolute Winner – absolýut ýeňiji diýen ada eýe bolup, ýörite baýrak hökmünde MacBook Air kompýuteri bilen sylaglandy.
Şol bilim merkeziniň okuwçysy Dawut Muhammetnazarow kümüş medal gazanyp, Türkmenistana halkara derejesinde üstünlikli wekilçilik etdi.
Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Geldimyrat Saryýew hem kümüş medala mynasyp bolup, öz taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi.
Balkan welaýatynyň Hazar şäherindäki 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Emirmuhammet Sabyrow hem kümüş medal gazanyp, ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki zehinli ýaşlaryň halkara üstünliklerini dowam etdirýändigini subut etdi.
Aşgabat şäherindäki 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ahmet Bagtyýarow bürünç medala mynasyp boldy. Bu netije onuň geljekdäki täze üstünliklerine tarap möhüm ädim boldy.
Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Melike Begliýewa hem bürünç medal gazanyp, yhlasyny, ynamyny we bilime bolan höwesini görkezdi.

«Copernicus Olympiad» olimpiadasyna gatnaşmak diňe bir medal gazanmak bilen çäklenmän, eýsem halkara tejribesini toplamak, täze bilimleri ele almak we öz güýjüňe bolan ynamy berkitmek üçin hem möhüm mümkinçilikdir.
Türkmenistanyň ýaş zehinlerini bu ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, bu ýeňişler olaryň geljekdäki täze sepgitleriniň, belent maksatlarynyň we halkara derejedäki has-da uly üstünlikleriniň başy bolsun!







