HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Iýul 13, 2026 | 20:25 |2785
Dünýäni yssy howanyň gurşap alan döwründe Türkiýäniň deňiz kenarlary syýahatçylara adaty kenar dynç alyşyndan has giň mümkinçilikleri hödürleýärDünýäni yssy howanyň gurşap alan döwründe Türkiýäniň deňiz kenarlary syýahatçylara adaty kenar dynç alyşyndan has giň mümkinçilikleri hödürleýär
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy / Medeniýet we syýahatçylyk bölümi

Dünýäni yssy howanyň gurşap alan döwründe Türkiýäniň deňiz kenarlary syýahatçylara adaty kenar dynç alyşyndan has giň mümkinçilikleri hödürleýär. Özboluşly mikroklimaty, deňiz şemallary we dag goraghanalarynyň köplügi netijesinde bu ýerde deňiz kenaryndaky dynç alyşy salkyn gezelençler bilen utgaşdyrmak mümkin.

Antalya Bodrum Türkbükü

Egeý deňziniň serginlediji şemaly

Egeý deňziniň kenarynda ajaýyp we salkyn dynç alyş üçin esasy ugur Bodrum bolup durýar. Ýarymadada ýerleşýän bu şypahana hemişe deňiz şemallary bilen serginledilýär, MICHELIN gollanmasyna girizilen restoranlarynda bolsa möwsümleýin ýeňil tagamlar hödürlenýär.

Izmirde Foça we Çeşme şypahanalary (Altynkum we Kojakary kenarlary) salkyn suwlary bilen meşhurdyr. Alaçatydaky hemişelik şemallar bolsa windserfing üçin amatly şertleri döredýär. Mundan başga-da, golaýdaky gadymy Efes şäherine indi agşam sagatlarynda baryp görmek mümkin bolup, bu syýahatçylara agşamky salkynlykda taryhy ýadygärliklerden lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Demirgazygyň salkynlygy we buz ýaly şaglawuklar

Has salkyn howany halaýanlar Egeý deňziniň demirgazygyndaky Çanakkale welaýatyna baryp bilerler. Assos şäherinde demirgazyk şemallary tomusky yssyny ep-esli ýeňilleşdirýär. Golaýdaky Ida dagy dünýäde kisloroda iň baý tebigy goraghanalaryň biri bolup, sosna tokaýlary we buz ýaly sowuk şaglawuklary bilen tanalýar. Şeýle hem Bozjaada we Gökçeada adalary asuda aýlaglary hem-de tämiz tebigaty bilen syýahatçylary özüne çekýär.

Türk Riwýerasy: gowaklar we gijeki muzeýler

Antalýadaky Türk Riwýerasynda yssy günlerde tebigy «kondisioner» hasaplanýan Karain we Damlataş gowaklary dynç almak üçin ajaýyp ýerlerdir. Bu gowaklarda ýylyň dowamynda howanyň temperaturasy 18–22°C derejesinde saklanýar. Şeýle hem Köprülü kanýonynyň buz ýaly sowuk suwlarynda ýa-da Kaş sebitindäki daýwing wagtynda serginlemek bolýar.

Agşam düşenden soň «Gijeki muzeýler» taslamasy syýahatçylara Patara we Aspendos gadymy şäherlerini ýyldyzly asmanyň astynda rahat ýagdaýda synlamaga mümkinçilik berýär.

Antalya Airports-Copyright Murat Germen

Başga bir mümkinçilik: Gara deňiz kenary

Iň salkyn howany we tebigy gözelligi gözleýänler üçin Türkiýäniň Gara deňiz kenary ajaýyp saýlawdyr. Dag howasy we ýaşyl tebigaty bilen tapawutlanýan bu sebit National Geographic žurnalynyň «2026-njy ýylyň dünýäniň iň gowy syýahat ugurlary» sanawyna girizildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

Brýusselde ÝUNISEF-niň «Generation 2050 in Central Asia» atly hasabatynyň tanyşdyrylyşy geçiriler

22:59 Iýul 13, 2026
100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

100 ýaşly Dewid Attenboro «Emmi» baýragynyň taryhynda absolýut rekord goýdy

21:10 Iýul 13, 2026
Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

Yssyny ýeňip geçmegiň ýoly: Türkiýe tomusky dynç alyş üçin serginlediji täze mümkinçilikleri hödürleýär

20:25 Iýul 13, 2026