HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şweýsariýanyň ilçihanasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp gördi

Iýul 13, 2026 | 20:24 |5212
10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Daşary ýurt wekiliýetiniň düzümine ilçihananyň sebit hyzmatdaşlygy boýunça wekiliýet başlygynyň orunbasary hem-de syýasy geňeşçisi girdi.

Sapar institutyň täze goşmaça okuw binasynyň eýwanynda guralan ylmy we taslama işleriniň sergisi bilen tanyşlykdan başlandy. Institutyň talyplary we mugallymlary diplomatlara energetika pudagyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler.

встреча с Делегацией Посольства Швейцарии в TDEI 1

Duşugyň esasy bölegi maslahatlar zalynda ikitaraplaýyn gepleşikler görnüşinde geçirildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa Bileleşigi, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) bilen iri halkara maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýändigini bellediler.

Duşuşygyň esasy mowzugy innowasion ylym-bilim taslamalaryny mundan beýläk bilelikde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmak boldy. Taraplar tejribe alyşmagy işjeňleşdirmäge hem-de häzirki zaman tehnologik çözgütlerini okuw işine ornaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026