HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

Iýul 12, 2026 | 21:00 |630
Çeşme: orient.tm

Ormuz bogazy diňe bir möhüm deňiz geçelgesi däl, eýsem dünýä ykdysadyýetiniň iň möhüm nokatlarynyň biridir. Ol ýapylanda, dünýä bazarlary garaşma ýagdaýyna geçýär: nebitiň bahasy ýokarlanýar, ätiýaçlandyryş tölegleri gymmatlaýar, geosyýasy töwekgelçilikler bolsa ykdysady çaklamalardan has täsirli bolýar. Bu dar deňiz geçelgesinden geçýän her bir gämi diňe bir nebit däl, eýsem durnuklylyga bolan umytlary hem daşaýar. Şu gün bu umytlar ýene-de howp astyna düşdi.

Ýekşenbe güni irden Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusynyň (YRGK) Harby-deňiz güýçleri strategik ähmiýetli Ormuz bogazynyň indiki görkezme berilýänçä ýapylýandygyny yglan etdi. Munuň sebäbi rugsat berilmedik ugur boýunça geçmäge synanyşan gämi bilen bagly hadysa boldy.

YRGK-nyň beýanatynda birnäçe gäminiň bellenen deňiz gatnaw ugurlaryndan çykmaga synanyşandygy, ugurlaryny üýtgetmek baradaky gaýta-gaýta duýduryşlary äsgermezlik edendigi aýdylýar. Şeýle hem bir gäminiň ganatly raketa bilen urlup, hereketini togtatmaga mejbur bolandygy bellenilýär.

Şol gün çap eden maglumatynda Beýik Britaniýanyň Deňiz söwda amallary müdirligi (UKMTO) şenbe güni agşam Omanyň kenarlarynyň golaýynda bolan hadysadan soň konteýner daşaýan gäminiň zyýan çekip, onda ýangynyň ýüze çykandygyny habar berdi. UKMTO-nyň maglumatyna görä, harby edaralardan alnan habarda waka Omanyň gündogarynda, kenardan dokuz deňiz mili (16,7 kilometr) uzaklykda ýüzüp barýan konteýner gämisi bilen baglanyşykly bolupdyr. Gämi yzky böleginden zeper çekip, onuň bortunda ýangyn döräpdir.

Bu waka ABŞ bilen Eýranyň arasynda soňky günlerde bolan özara hüjümlerden soň dartgynlylygyň güýçlenen döwründe bolup geçdi. Bu ýagdaý Ormuz bogazyndan geçýän söwda gämilerine garşy amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümler bilen baglanyşdyrylýar.

YRGK Harby-deňiz güýçleri Ormuz bogazynyň indiki görkezmä çenli ýapylýandygyny mälim edip, ABŞ-nyň sebitdäki gatyşmagy bes edilýänçä bu çäklendirmäniň saklanjakdygyny we hiç bir gäminiň bogazdan geçmegine rugsat berilmejekdigini aýtdy. Şeýle hem korpus Eýrana garşy islendik täze hüjümiň ýa-da agressiýanyň berk jogap bilen garşy alynjakdygyny duýdurdy. Beýanatda dartgynlylygyň has-da güýçlenmeginiň ähli netijeleri üçin jogapkärçilik ABŞ-nyň, Ysraýylyň we öz çäklerinde amerikan harby bazalary ýerleşýän döwletleriň üstüne ýüklenýär.

Ormuz bogazy dünýäde deňiz arkaly daşalýan nebitiň takmynan bäşden bir böleginiň geçýän iň möhüm deňiz geçelgeleriniň biridir. 2026-njy ýylyň ýazynda bogazyň bölekleýin petiklenmegi dünýä bazarlarynda nebitiň bahasynyň düýpli ýokarlanmagyna we üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulmagyna getiripdi.

Soňky wakalar Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleriniň şenbe güni geçiren duşuşygyndan, şeýle hem Eýranyň gämilere garşy amala aşyrandygy aýdylýan hüjümlerden we ABŞ-nyň jogap zarbalaryndan soň Ormuz bogazynyň gözegçiligi bilen baglanyşykly dowam edýän garşydaşlygyň fonunda bolup geçýär. Bu ýagdaý urşy bes etmäge gönükdirilen özara düşünişmek baradaky ähtnama bilen bagly ýagdaýy hem has-da çylşyrymlaşdyrdy.

CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ ýakynda Eýran nebitiniň eksportyna rugsat berýän ygtyýarnamany ýatyryp, Eýrany deňiz gatnawynyň erkinligine howp salmakda aýyplady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

21:00 Iýul 12, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

19:00 Iýul 12, 2026
ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

17:00 Iýul 12, 2026