HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tomusky dynç alyş merkezlerindäki okuw sapaklary Türkmenistandaky çagalara öz hukuklary barada has giňişleýin maglumat almaga kömek edýär

Iýul 11, 2026 | 18:36 |974
Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan 100-den gowrak çaga BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna bagyşlanan interaktiw okuw sapaklaryna gatnaşdyTürkmenistanyň dürli welaýatlaryndan 100-den gowrak çaga BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna bagyşlanan interaktiw okuw sapaklaryna gatnaşdy
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan 100-den gowrak çaga BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna bagyşlanan interaktiw okuw sapaklaryna gatnaşdy. Çäreler 11-nji iýundan 9-njy iýula çenli Türkmenabatda, Tejende we Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş merkezinde geçirildi.

Bu başlangyjy Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkezi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň (Adalatçy) diwany hem-de ÝUNISEF bilelikde gurady.

о правах ребенка учат в лагерях

Dostlukly we gyzykly şertlerde ösüşe gönükdirilen oýunlar hem-de döredijilik maşklary arkaly çagalar bilim almaga, hemmetaraplaýyn ösmegine, goralmaga we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga bolan hukuklary barada maglumat aldylar. Guramaçylar gatnaşyjylara öz pikirlerini erkin beýan etmegi, deň-duşlaryny diňlemegi we deňlik ýörelgelerine düşünmegi öwretdiler.

о правах ребенка учат в лагерях 1

Bu sapaklaryň iň möhüm gymmaty çagalaryň özleriniň beren oňyn seslenmesidir. Okuwçylar dostlukly usulyň netijesinde diňe bir hukuklar baradaky maglumatlary öwrenmän, eýsem öz sesleriniň ähmiýetine hem göz ýetirendiklerini belleýärler. Taslama çagalarda ir ýaşdan özüne ynamy ösdürmäge, başgalaryň hukuklaryna we şahsy çäklerine hormat goýmagy öwretmäge, şeýle hem maşgalasynyň, mekdebiniň we jemgyýetiniň ösüşine oňyn goşant goşup biljek işjeň raýatlaryň neslini kemala getirmäge ýardam berýär.

10072026 о правах ребенка учат в лагерях 2

BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» ýerine ýetirilmegini goldamagyny dowam etdirýär we her bir çaganyň howpsuz hem-de sazlaşykly ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň küştçileri ýurduň küşt taryhynda bir çempionatda gazanylan medallaryň sany boýunça milli rekord goýdy

Türkmenistanyň küştçileri ýurduň küşt taryhynda bir çempionatda gazanylan medallaryň sany boýunça milli rekord goýdy

18:38 Iýul 11, 2026
Tomusky dynç alyş merkezlerindäki okuw sapaklary Türkmenistandaky çagalara öz hukuklary barada has giňişleýin maglumat almaga kömek edýär

Tomusky dynç alyş merkezlerindäki okuw sapaklary Türkmenistandaky çagalara öz hukuklary barada has giňişleýin maglumat almaga kömek edýär

18:36 Iýul 11, 2026
Türkmenistanda hususy bölege berlen karzlaryň galyndysynyň möçberi 23 göterimden gowrak artdy

Türkmenistanda hususy bölege berlen karzlaryň galyndysynyň möçberi 23 göterimden gowrak artdy

13:00 Iýul 11, 2026